02/03/2024
641
Ilçiniň ussatlygynyň esasy görkezijileri
Eger meniň daşary ýurtly ilçi kärdeşlerimiň bir topary ilçiniň diplomatik işiniň netijeleriniň ölçeginiň nusgasy öz beýanyny onuň gönüden-göni gatnaşmagynda ýokary derejelerde guralan we üstünlikli geçirilen saparlarda, gol çekilen şertnamalarda, ylalaşyklarda we başga çärelerde tapýar diýip, hasap eden bolsalar, olaryň beýleki bölegi şol nusgany ýurduň içerki durnuklylygyny we durnukly ösüşini gazanmak, onuň dostlarynyň sanyny köpeltmek üçin beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etmekde gördüler. Men diplomat kärdeşlerimiň diplomatik işiň netijeliliginiň esasy görkezijileri hökmünde ýokardaky garaýyşlarynyň ikisi hem goldanylmaga doly mynasyp diýip hasap edýärin.
Ilçiniň ussatlygynyň esasy görkezijileri baradaky gürrüňimi dowam etmek bilen, islendik ýurduň daşary syýasatynyň we onuň beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň durnukly bolmaklary üçin hökmany suratda hyzmatdaşlygyň üç sany esasy ugrunyň ýa-da sütüniniň, ýagny syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň deň derejede, netijeli ösdürilmeginiň möhüm bolup durýandygyny aýratyn belläp geçmekçi. Sebäbi bu üç diregiň ýekejesiniň «gurlup gutarylmazlygynyň» belli syýasy ýagdaýda tutuş gurluşy yralamaga ukyplydygyny, seýrek hem bolsa, halkara tejribesi görkezýär.
Hut şonuň üçin hem, Türkmenistanyň HHR-däki ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän döwrümde (1995 — 2001 ý.ý) turuwbaşdan Hytaýda Türkmenistanyň milli döwlet bähbitlerini doly we dogry ýüze çykarmak bilen, onuň esasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasyny tutýan şol sütünleri ýa-da ýörelgeleri yzygiderli ösdürmegi, pugtalandyrmagy özümiň baş maksadym hasapladym.
Netijede, meniň HHR-de işlän döwrüm, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar ençeme uly ähmiýetli wakalar bilen tapawutlandy. Bu ýerde gürrüň, ozaly bilen, iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň yzygiderli ösendigi barada barýar: şol ýyllarda HHR-iň ençeme ýokary partiýa, döwlet, hökümet ýolbaşçylary dürli derejeli saparlar bilen Türkmenistanda boldular, şeýle hem Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlaryň aýratyn uly ähmiýeti olaryň gidişinde gazanylýan ylalaşyklaryň tutuş hyzmatdaşlygy üstünlikli herekete getirmek üçin ulgam dörediji esas bolup hyzmat edýänligindedir. Bu bolsa aragatnaşyklaryň ösmegine we anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagly bolup durýar.
Dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, parlament wekiliýetleriniň derejesinde alyş-çalyş edilmegi hem türkmen-hytaý syýasy gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bolup durýarlar. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi özara düşünişmegiň pugtalanmagyna, hyzmatdaşlygyň täze çäkleriniň ýüze çykmagyna ýardam etdiler. Şunlukda, syýasy gatnaşyklar Türkmenistanyň we Hytaýyň ösüşiniň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe boldy, sebäbi şol ýyllarda ýetilen sepgitleriň, takmynan, ählisi ilkinji gezek bolup geçdi.
Şol döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar hem uly ösüşe eýe boldy. Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze, has-da netijeli görnüşleri işläp düzüldi. Mysal üçin, 1994-nji ýylda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky söwda dolanyşygy 11 million amerikan dollaryna golaý boldy, 1999-njy ýylda bolsa ol, takmynan, 19 million dollara barabar boldy. 1997-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Sýanganyň, ýagny Gonkongyň ýörite administratiw etrap hökmünde HHR-iň düzümine goşulmagy bilen, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky söwdanyň möçberi ep-esli artdy we ol 135 million amerikan dollaryndan hem köp boldy.
1992 — 2000-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hytaýa eksporty, esasan, nebit önümleri, pagta, pile, ýüň, himiýa senagatynyň önümleri, gaýyş senagaty üçin çig mal ýaly harytlardan ybarat boldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Hytaýdan lukmançylyk enjamlaryny, ilatyň köp ulanýan harytlaryny satyn aldy.
Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýola goýluşy we ösüşi barada aýdanymyzda, şol ugur boýunça hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň ruhy durmuşynyň ähli çäklerini diýen ýaly öz içine aldy. Türkmen-hytaý halklarynyň arasynda özara ynamyň pugtalanmagyna, olaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna ýardam etdi.
Şunlukda, meniň HHR-de ýurdumyzyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän ýyllarym örän çalt geçdi. Meniň pikirimçe, munuň sebäbi öz wezipesine hemişe ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşen Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň işiniň daşary syýasy tagallalar bilen hemişe doldurylandygy bilen bagly boldy. Bu bolsa türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ynamly, hil taýdan täze sepgitlere çykmagyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň HHR-däki ilkinji ilçisiniň diplomatik işiniň netijeleriniň görkezijilerine dürli derejelerde berlen bahalar hem ýokary boldy. Mysal üçin, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň 1995-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň HHR-däki ilkinji ilçisi A.Rahmanowyň adyna ýollan gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýildi:
«Hormatly Amangeldi Rahmanowiç! Siziň we siziň ýolbaşçylyk edýän ilçihanaňyzyň işgärleriniň Watana sap ýürekden edýän hyzmatyňyz we janaýamazakly zähmetiňiz üçin meniň çuňňur hoşallygymy kabul ediň. Siziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli diplomatik işiňiziň netijeleri biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine we Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşdy».
Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasyndan Türkmenistanyň DIM-ine 2001-nji ýylyň 7-nji martynda ýollanan 034-2001 belgili gulluk hatynda Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi A.Rahmanowyň bu dostlukly ýurtda gulluk möhletiniň tamamlanmagy bilen, türkmen ilçisini HHR-iň daşary işler ministri Tan Szýasýuanyň kabul edendigi barada giňişleýin habar berildi. Şol gulluk hatynda, hususan-da, şeýle diýildi: «Kabul edişlikde Tan Szýasýuan Hytaýyň Hökümetiniň we DIM-niň adyndan Türkmenistanyň Hytaýdaky ilkinji ilçisiniň adyna mähirli sözler aýtdy we şeýle diýdi: «Zehinli we tejribeli diplomat, meşhur halkaraçy alym, Türkmenistanyň HHR-däki ilkinji ilçisi hökmünde Amangeldi Rahmanow türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine ägirt uly goşant goşdy we onuň ady iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Amangeldi Rahmanow we onuň aýaly Maral Rahmanowa Hytaýyň ýakyn dostlarydyr we olar hemişe Hytaýyň DIM-niň islenilýän we hormatly myhmanlary bolarlar».
Deliller Türkmenistanyň HHR-däki ilkinji ilçisiniň özüniň gulluk borçlarynyň çäklerinde öz ýurdunyň dostlarynyň sanynyň esli köpelmegine ýardam edendigine şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasyndan 2001-nji ýylyň 7-nji martynda ýurdumyzyň DIM-ine ýollanan gulluk hatynda, şeýle hem türkmen ilçisiniň bolýan ýurdunyň resmileriniň arasynda, ýurduň diplomatik korpusynda eýe bolan ýokary abraýy barada aýdyldy we şeýle diýildi: «Ilçi A.Rahmanowyň gulluk möhleti dolup, Watanyna gaýtmagy bilen baglylykda, diňe bir 27-nji fewral — 5-nji mart aralygynda Pekinde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Hytaýyň döwlet edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan türkmen ilçisiniň hormatyna 20-den gowrak resmi kabul edişlik guraldy. Şeýle kabul edişlikleri guramak islän diplomatik wekilhanalaryň sany has-da köp boldy. Şeýle-de wagtyň giç agşamdygyna seretmezden, türkmen ilçisini we onuň aýalyny Watanyna ugratmak üçin Pekiniň howa menziline onuň köp sanly hytaýly dostlary, şol sanda HHR-iň DIM-niň protokol departamentiniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň 25-siniň Hytaýdaky ilçileri özleriniň aýallary bilen geldiler».
Şunlukda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky her bir ilçisiniň diplomatik işiniň oňaýly jeminiň onuň işlän ýurdunda görkezen diplomatik ussatlygynyň halkymyzyň, döwletimiziň abraýyna abraý goşýandygy, beýleki tarapdan, dünýä giňişliginde döwletimiziň ýokary abraýynyň diplomatlarymyza uly ruhy goldaw berýändigi, olary halkymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna täze diplomatik sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýandygy düşnüklidir.
Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
Türkmenistanyň Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi,
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» nyşanynyň eýesi,
professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI