Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ilçihananyň durmuşynda diplomatyň aýalynyň tutýan orny
    Ilçihananyň durmuşynda diplomatyň aýalynyň tutýan orny surady
    10/06/2024

    583

    Ilçihananyň durmuşynda diplomatyň aýalynyň tutýan orny

    Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, men Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesinde ýurdumyzyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekiliniň wezipesine bellendim. Täze iş ýerime, ýagny ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine uçmazymdan bir gün öň — 1992-nji ýylyň 16-njy fewralynda «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň baş redaktory L.Glazowskaýanyň haýyşy boýunça onuň bilen duşuşdym we oňa «Esasy zat öz bolşumyzy saklap bilmekdir» atly tema boýunça interwýu berdim. Duşuşygymyzyň soňunda habarçymyzyň maňa ýüzlenip: «Siz haçan-da bolsa bir wagt özüňiziň köşeşdirilmegiňize mätäçlik çekipmidiňiz?», «Ilçihananyň durmuşynda diplomatlaryň aýallarynyň, ozaly bilen bolsa ilçiniň aýalynyň tutýan orny barada näme aýdyp bilersiňiz?» diýip, yzly-yzyna beren sowallary hem şu günki ýaly ýadymda.
    Şonda men habarçymyza, elbetde, kähalatlarda özümiň köşeşdirilmäge mätäçlik çekýändigim, köşeşmäni bolsa meni gurşap alýan maşgalamda, has takygy, aýalymda we dört sany gyzymda tapýandygym, wezipäm bilen bagly aladalar näçe köp hem bolsa, ýanymda maşgalam bolmasa, Amerikada hem özümi rahat duýmajakdygym, şonuň üçin hem ýanym bilen ol ýere aýalymyň hem-de iki sany mekdep ýaşly gyzlarymyň gidýändigi, uly ýaşly gyzlarymyň bolsa Aşgabatda galýandyklary barada aýdypdym.
    Ençeme ýyllaryň dowamynda maňa Birleşen Milletler Guramasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda Bitarap Türkmenistana wekilçilik etmegiň miýesser bolmagy, elbetde, meniň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn diplomatiýa, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasy boýunça zehinimiň has-da çuňňur açylmagyna oňaýly ýardam etdi. Şol ýokary derejelerdäki wekilçilik diplomatik wekilhanalarymyzyň durmuşynda ilçiniň aýalynyň, umuman, diplomatlarymyzyň aýallarynyň tutýan we tutmaly orny baradaky bilim bilen tejribämi has-da baýlaşdyrdy.
    Diplomatik wekilhanalarda diplomatlaryň aýallarynyň arasynda ilçiniň ýa-da hemişelik wekiliň aýaly iň täsirli aýal hökmünde çykyş edýär, munuň sebäbi bolsa ilçiniň aýalynyň ilçi ýaly öz ýurdunyň wekili bolup durýanlygyndadyr.
    Mysal üçin, halkara diplomatik, şeýle hem milli däplere laýyklykda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyndan soňky döwürde Türkmenistanyň ol ýa-da başga ilçihanasynda ýa-da Hemişelik wekilhanasynda ýurdumyzyň şanly seneleri mynasybetli kabul edişlikleriň geçirilmegi däbe öwrüldi. Şu jähetden, 1992-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan etmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili we onuň aýaly tarapyndan kabul edişlik guraldy we bu uly çäre Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçiren şeýle syýasy çäreleriniň ilkinjisi boldy. Şol kabul edişlige 450-ä golaý adam gatnaşdy we ol uly syýasy-amaly ähmiýete eýe boldy, ýurdumyzyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň BMG, oňa agza döwletleriň Hemişelik wekilleri, ABŞ-nyň işewür toparlary bilen aragatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam etdi.
    Ilçiniň aýaly ilçi bilen bilelikde diňe bir Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda geçirilýän kabul edişlikleri guraman, eýsem, ol beýleki ýurtlaryň ilçihanalarynda milli baýramçylyklar, ýurt üçin möhüm bolan ýubileý seneler mynasybetli geçirilýän umumy kabul edişliklere hem ilçiniň ýany bilen gatnaşýar. Şunlukda, kabul edişliklerde ilçiniň aýalynyň ilçi ýaly başgalaryň üns merkezinde bolýandygy düşnüklidir we munuň özi ilçiniň aýalyndan ozaly bilen edepliligi, sypaýylygy, mylaýymlylygy we syýasy ýitiligi talap edýär. Ilçiniň aýaly, şeýle hem adamsynyň işe ugradylan ýurduny, şol ýurduň medeniýetini, däp-dessurlaryny, protokolyny we etiketini gowy bilmelidir.
    Ilçiniň aýalynyň diplomatik wekilhananyň durmuşyndaky orny baradaky gürrüňimizi dowam etmek bilen, ençeme ýurtlaryň merkezlerinde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň aýallarynyň klublarynyň hereket edýändiklerini hem belläp geçeliň. «Ilçileriň aýallarynyň klublary» diýlip atlandyrylýan şol birleşmelere işjeň gatnaşmaklyk ilçileriň aýallaryna özara tanyşlygy ýola goýmaga we ony ösdürmäge, birek-biregi öz ýurtlary, halklarynyň däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin ilçiniň aýalynyň, ozaly bilen, öz ýurduny — onuň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny we sungatyny gowy bilmegi möhümdir. Şeýle ýagdaýda ol öz ýurdy, türkmen aýallary barada gyzykly gürrüň berip biler. Eger ilçiniň aýaly söhbetdeşligi daşary ýurt dilinde alyp barmagy erkin başarýan bolsa, onda onuň tanyşdyryş, düşündiriş işiniň netijeliliginiň has hem ýokary boljakdygy düşnüklidir. Şu jähetden, Türkmenistanyň HHR-däki ilkinji ilçisiniň aýaly Maral Rahmanowanyň ýurdumyzyň taryhy, içeri we daşary syýasaty, däp-dessurlary, türkmen aýal-gyzlary barada rus, iňlis we hytaý dillerinde alyp baran düşündiriş işi özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy.
    Umuman, öz mysalymda aýtsam, onda ilçiniň maşgalasynyň, ozaly bilen bolsa ilçiniň pikirdeşi bolup durýan onuň aýalynyň hemmetaraplaýyn goldawynyň daşary ýurtlarda ilçiniň üstünlikli işiniň esasy şertlerinden biri bolup durýandygyny subut edýär. Amerikan diplomatlary Dž.Trýu we Y.Makomber ilçiniň aýalynyň öz ýanýoldaşyna edýän ýardamy barada pikir ýöretmek bilen, diplomatlaryň aýallarynyň hiç bir hünärde diplomatik gullukdaky ýaly has möhüm we peýdaly roly eýeläp bilmejekdiklerini, şeýle hem diplomatiýa barada azda-kände eşiden adamlaryň diplomatlaryň aýallarynyň öz ýanýoldaşlaryna nähili goldaw berýändiklerini bilýändiklerini tassyklaýarlar. Belki-de, bu hakykatdan hem şeýledir.
    Gürrüňini edýän temamyz bilen baglylykda, zenan diplomatlar barada hem gysgaça durup geçeliň. Taryhda zenanyň ilçiniň wezipelerini ilkinji gezek XVII asyrda ýerine ýetirendigi baradaky delillere duş gelse bolýar. Mysal üçin, 1646-njy ýylda fransuz marşaly de Gabrianiniň ýanýoldaşy polýak koroly Wladislaw IV gelinligini ugratmak ýaly ýörite tabşyrygy ýerine ýetirip, Warşawa ilçi hökmünde ýollanýar. Ol özüni gujurly ilçi hökmünde görkezýär, ýöne tabşyrygyň özi juda şowly bolmaýar, sebäbi iki ýyldan korol ýogalýar.
    Soňra XX asyra çenli döwletlerde zenan ilçiniň bolandygy barada taryh dymýar. Şol bir wagtyň özünde hem XX asyrda taryh Hindistanyň, Angliýanyň premýer-ministrleri Indira Gandi, Margaret Tetçer ýaly görnükli zenan syýasatçylaryň ençemesini ýüze çykardy. Häzirki wagtda, seýrek hem bolsa, zenanlary ilçi wezipesine belleýän döwletler az däl. Şol bir wagtyň özünde hem häzirlikçe, zenanlary ýokary diplomatik wezipelere giňişleýin çekmek meselesi döwletlerde kada öwrülip barmaýar. Adatça, olar döwletleriň diplomatik gulluklarynyň ulgamynda ikinji, üçünji sekretarlaryň wezipelerini ýerine ýetirýärler.
    Soňky wagtda käbir döwletleriň diplomatik gulluklarynda zenan diplomatlaryň bu gullukda özleriniň mynasyp orunlaryny eýelemekleri üçin wagtyň ýetendigi barada gürrüňler köp edilip başlandy. Birleşen Milletler Guramasy barada aýtsam, onda bu hökümetara guramanyň ulgamynda işleýän zenan diplomatlaryň sanyny azyndan 30 göterime ýetirmek wezipesi öňräkden bäri BMG-niň Sekretariaty tarapyndan üstünlikli çözülip gelinýär.

    Amangeldi Rahmanow,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
    Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
    Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor,
    taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.

    Çeşme: «Ýaş diplomatyň sesi» № 17 (100) 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny
    //https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-17-100_2836

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI