06/10/2026
16
Hünär ýolundaky ilkinji ädimler
Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, saýlan hünärleri boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, biz her okuw ýylynda öz hünärimize görä degişli ýerlere önümçilik tejribeligine ýollanýarys. Şeýdibem, öwrenen zatlarymyzy tejribe üsti bilen has-da berkidýäris.
Diplomatik iş nazaryýet bilimlerinden başga-da, uly tejribäni, ýörite endikleri, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Şunda halkara tejribä möhüm orun degişli bolup, halkaraçy hünärmenleriň amaly taýdan hem bilimleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri, institutymyzyň 5-nji ýyl talyplary döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Meniň hem 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynda (Astana ş.) önümçilik tejribeligini geçmegim talyplyk durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Tejribelik döwründe nazary bilimlerimizi çuňlaşdyrýarys, amaly endiklerimizi kämilleşdirýäris, diplomatik işiň inçe tilsimlerini ele alýarys. Diplomatik wekilhananyň alyp barýan işleri, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň binýatlyk esaslary, şeýle hem ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen giňişleýin tanyşýarys. Şeýle hem metbugatda, resmi internet saýtlarynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş edýäris.
Talyplyk ýyllarynda dürli ugurlar boýunça geçirilýän önümçilik tejribelikleri ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürýän täsirli usullaryň biridir. Okuw döwründe öwrenilen maglumatlaryň iş ýüzünde synagdan geçirilmegi, tejribeli hünärmenleriň maslahatlaryny diňlemek we degişli gurşawda tejribe toplamak ýaşlaryň özlerine bolan ynamyny artdyrýar. Ýaşlaryň hünär ýolunda gazanýan her bir tejribesi olaryň geljekki üstünlikleriniň berk binýadyny döredýär. Şunda bize ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri saýlan hünärimiz bilen bagly gymmatly maslahatlary berýärler.
Tejribelik döwründe saýlan hünärlerimiziň aýratynlyklary bilen has içgin tanyşýarys. Hünär jogapkärçiligi, döredijilikli çemeleşme ýaly möhüm ýörelgeleri öwrenýäris. Hususan-da, ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Milli akademiki kitaphanasynda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň goldawy bilen «KitapTime — 2026» atly V kitap festiwalynyň geçirilmegi, bu medeni çärä biziň hem gatnaşmagymyz möhüm ähmiýetli boldy. Munuň özi başarnyklarymyzy kämilleşdirmek we hünärimize bolan höwesimizi has-da artdyrmak babatda aýratyn mazmuna eýedir.
Hünär bilimimizi kämilleşdirmek üçin bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň, döwlet derejesindäki tagallalarynyň miwesidir. Biz — ýaşlara döwrebap bilim almagymyz, saýlan hünärimiz boýunça kämilleşip, tejribe toplamagymyz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Begnazar BEGNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 05.10.2026 ý.
Soňky täzelikler
07/10/2026
SHAPING THE FUTURE: WORLD TEACHERS’ DAY
03/10/2026
Bilimden tejribä, tejribeden kämillige