15/07/2026
64
«Hünär meselesi — adamyň ykbaly»
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy
Hünär saýlawy ýaşlyk döwrüniň iň esasy menzilleriniň biri. Çünki biziň saýlan hünärimiz jemgyýetdäki ornumyzy, durmuşdaky maksadymyzy we geljekki ýolumyzy kesgitleýär. Şoňa görä-de, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekmegi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi täze menzillere badalga boldy.
Orta mekdebi tamamlap, uly durmuşa gadam basýan ýaşlaryň her biri üçin iň süýji arzuwlaryň biri hem talyp bolmakdyr. Sebäbi talyplyk diňe bir ýokary okuw mekdebinde bilim almak döwri däl, eýsem, täze mümkinçilikleriň, täze gözýetimleriň we uly maksatlaryň başlanýan döwri. Öz geljegimizi saýlanymyzda bolsa, ilkinji nobatda, ýüregimiziň islegine daýanmalydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Adamyň iň gowy başarjak işi onuň göwnünde otyr, şoňa görä, haýsydyr bir işe ymykly baş urmazdan öňürti, göwnüňi diňlemek zerur. Göwnüňi diňlemek — bu özüňi açmakdyr, öz-özüňi diňlemekdir, öz-özüň bilen maslahatlaşmakdyr».
Halkymyz hünär saýlamak meselesine örän oýlanyşykly çemeleşýär. Çagalaryň hünär saýlamaklaryna garaýyşlary bilen yzygiderli gyzyklanyp durmak türkmen jemgyýetinde asylly däpdir. Çagalar bagynda ýa-da 1-nji synpa baranymyzda: «Geljekde kim bolasyň gelýär?» diýlip soralmagy hem kiçilikden hünär terbiýesine berilýän ünsüň nyşanydyr. Käbirimiz çagalyk arzuwlarymyza ymtylyp, lukman, mugallym, inžener ýa-da uçarman bolmagy maksat edinýäris. Käbirlerimiz bolsa, döwrüň talap edýän täze ugurlaryna — tehnologiýa, innowasiýa, ylmy barlaglara gyzyklanma bildirýäris. Ýöne haýsy hünär saýlansa-da, esasy zat, şol käre söýgi bilen çemeleşmek, ony kämil derejede özleşdirmekdir. Asyl-ha, käriň, hünäriň, işiň erbedi ýok. Ykbalyny göwün söýen işine baglan ynsan şondan rysgal hem tapýar.
Hünär saýlawy hemişe aňsat ýol däl. Mugallymlarymyzyň, hossarlarymyzyň: «Ulalaňda kim boljak?» diýen sowalyna berilýän jogaplar, köplenç, wagtyň geçmegi bilen soňky saýlan hünärimize gabat hem gelip durmaýar. Durmuş arzuwlarymyza düzedişlerini girizip, bizi başga akaba gönükdirýär. Käbirlerimiz bolsa ata-enelerimiziň islegi bilen öz arzuwymyzyň arasynda galýarys. Şunda haýsy hünäri saýlaýandygymyza garamazdan, her bir arzuwyň aňyrsynda irginsiz zähmetiň, erjelligiň we ynamyň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däldiris. Arzuwlaryna ýetmek üçin gijesini gündiz edip okaýan, bilim goruny yzygiderli baýlaşdyrýan, pikir-garaýyşlaryny beýik maksatlara gönükdirýän ynsanyň öňünde mümkinçilikleriň gapysy elmydama açykdyr.
Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşini giňişleýin beýan edýär. Şolaryň arasynda kär-hünär terbiýesi hem aýratyn orun eýeleýär. Terbiýäniň bu görnüşi ýaşlara diňe bir hünär öwretmän, eýsem, durmuşda dogry ýol saýlamaga, öz mümkinçiliklerine ynanmaga we hemişe ösüşe ymtylmaga kömek edýär. Kitapda beýan edilýän öwüt-ündewler, durmuş sapaklary bolsa biz — ýaşlar üçin mizemez mekdepdir.
Şeýle gymmatly ýörelgeler esasynda kemala gelýän ýaş nesilleriň ykbalynda iň jogapkärli döwür başlandy: ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümine girişildi. Ilkinji gününden başlap, bu möwsümiň ýokary işjeňlige eýe bolýandygyny bellemelidiris. Şunda okuwa kabul etmek 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guralyp, giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçiriler. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Bilimli, hünärli we kämil ýaşlar jemgyýetimiziň ösüşini, Watanymyzyň kuwwatyny hem-de halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän esasy güýçdür. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, 2026-2027-nji okuw ýylynda täze hünärleriň ençemesiniň açylýandygyny buýsançly bellemelidiris. Ýaşlaryň dürli ugurlardan hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça ýokary bilim alyp, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler bar. Şu okuw ýylyndan täze hünärleriň ençemesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany hem artar.
Biz hem dalaşgärleriň ählisine giriş synaglarynda şowlulyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Olaryň her biriniň öňünde bolsa uly ýol — hünär saýlawy dur. Bu saýlaw hünär öwrenjek bilim ojagyňy saýlamak däl. Bu saýlaw — ykbalyňy, geljegiňi saýlamak. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr».
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 14.07.2026 // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/243545