16/09/2024
496
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝAŞLARYŇ MILLI MASLAHATY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi.
Bakuda geçiriljek (COY19) Ýaşlar maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilen Milli maslahatyň esasy wezipeleri Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň häzirki ýagdaýyny we ýurdumyzyň goşulyşan beýleki halkara ylalaşyklary barada maglumat almakdan hem-de onuň Türkmenistana we tutuş dünýä ýetirýän täsirini öwrenmekden, howanyň üýtgemeginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bilim sessiýalarynyň geçirilmeginden ybaratdyr.
Şeýle-de maslahat zehinli ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pikir alyşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýaşlaryň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
Maslahata 17 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, talyplar, şeýle hem BMG-niň edaralarynyň wekilleri, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Energetika we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismetow Fizuli Gezalow ogly, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon, BAE-niň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed al-Hameli, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko dagylar çykyş etdiler. Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, çykyşynyň dowamynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geljekki hünärmenleri taýýarlamaklyga aýratyn ünsüň berilýändigini, şeýle-de daşky gurşawy goramakda we durnukly ösüşi maksat edinýän başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň möhüm ornunyň bardygy hakynda belläp geçdi.
Umumy mejlisden soňra maslahatyň işi ýedi ugurda dürli mowzuklar boýunça bölümçelerde dowam etdi. Onuň dowamynda Howanyň üýtgemegi babatynda halkara hukuk gurallarynyň ulanylyşy, Howanyň üýtgemegine garşy göreşde IT tehnologiýalarynyň orny, Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Aral deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, oba hojalygynda suw gorlaryndan tygşytly peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýany tygşytly peýdalanmak boýunça jemgyýetçilik maglumat Strategiýasyny işläp düzmek, howanyň hili we azon gatlagynyň goragyny durnukly saklamak, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde bilim ulgamynyň tutýan orny barada pikir alşyldy. Garalan mowzuklar boýunça ýaşlaryň öňe süren teklipleri seljerilip, olary Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Beýannamasyna goşmak meselesine seredildi.
Şeýle maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, ýaşlaryň arasynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly düşünjeliligi ýokarlandyrmak, olaryň täzeçil pikirlerini durmuşa geçirmäge ýardam etmekden ybarat bolup durýar.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: