26/08/2025
47
Türkmen we hindi alymlarynyň bilelikdäki täze kitaby neşir edildi
“Hindistan – Merkezi Aziýa Fondy” bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan türkmen we hindi alymlarynyň bilelikdäki «Hindistan — Türkmenistan: taryh, medeniýet we ykdysady ösüş» atly täze kitaby neşir edildi. Türkmen we hindi alymlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanylan täze ylmy iş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna bagyşlandy. Täze neşirde Hindistan bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de halkara derejesindäki hyzmatdaşlygynyň medeni, taryhy we ykdysady aýratynlyklary giňişleýin seljerilýär. Täze kitapda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň ylmy makalalary ýerleşdirildi.
Kitabyň içinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we täze döreýän ugurlary boýunça möhüm maglumatlar berilýär. Täze neşir sebitleýin we halkara gatnaşyklaryny öwrenijiler üçin gymmatly çeşme hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistany Hindistan bilen hoşniýetlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk gatnaşyklar birleşdirýär. Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazarlaryndan amatly ýerleşmegi, işjeň döwletara gatnaşyklarynyň öňden gelýän däplerini dowam etmäge, türkmen we hindi halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Hindistan adamzat siwilizasiýasynyň irki ojaklarynyň biridir. Türkmenistanyň gadymy we orta asyrlardaky iri şäherleriniň biri bolan Merwdäki Hinduwan derwezesi (Hindi derwezesi), Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi, Delidäki Kutb minarasy hem-de Köneürgençdäki Gutluk Temiriň minarasy iki halkyň medeniýetiniň, özara gatnaşygynyň binagärlik nyşanlarydyr.
“Hindistan – Merkezi Aziýa Fondy” bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan neşir edilen «Hindistan — Türkmenistan: taryh, medeniýet we ykdysady ösüş» atly täze kitaby iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlar boýunça gatnaşyklara özboluşly itergi berer.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
V ýyl talyby.