30/11/-0001
542
Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde Muhammet Baýram han Türkmeniň pelsepewi pikirleriniň çeper-filosofiki teswiri
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwerlige, döredijilige ýugrulan döwlet syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ösüşinde uly üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň halkyň paýhasly ýaşaýşynyň we geljeginiň bähbitlerine gönükdirilen beýik işleri döwrüň ruhy bilen deň gadam urýan ynsanperwer, watansöýüji, kämil ahlakly şahsyýetleri kemala getirmegiň nusgalyk ýoly bolup hyzmat edýär. Bütin adamzadyň ösüşine örän uly täsir eden, ruhy we medeni gymmatlyklaryň baýlaşmagyna uly goşant goşan türkmen akyldarlarynyň filosofik pikirlerini öwrenmek, olaryň edebi mirasyna döwrüň we häzirki zaman ösen ylmynyň derejesinde baha bermek hem-de dünýä ýaýmak milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň möhüm ugruny kesgitleýär. Bu syýasat ruhy-medeni mirasy öz mynasybetinde öwrenmek, häzirki zaman medeniýetiniň özeni hökmünde ykrar etmek, onuň abraýyny halkara derejesinde ýokary götermek, şol esasda-da häzirki zaman ösen medeniýetine ýol açmak baradaky ýörelgelerden ugur alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň kämil şahsyýetleri kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan gymmatly kitaplary halkymyzyň geçmiş taryhynyň ähli aýratynlyklaryny çuň akyl-paýhas bilen şöhlelendirdi hem-de beýan etdi. “Arşyň nepisligi”, “Gadamy batly bedew”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Watan gerçekleri”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaly kitaplar halkymyzyň döredijilik ruhunyň ajaýyplyklary bolup dünýä ýaýyldy. Şol kitaplar jemgyýetçilik aňynyň täzeçe pikirlenmek ukybynda akyl-paýhas, taglymat esasy bolup hyzmat edýär we olaryň sazlaşygyny emele getirýär. Geçmiş edebiýatymyzy, akyldar şahyrlarymyzyň edebi mirasyny düýpli ylmy nazary esasda öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň edebi miras hakyndaky ylmy taglymatlary esasy ýörelge bolup durýar.
Türkmen milletiniň kökleri asyrlaryň çuňluklaryna baryp ýetýän baý hem buýsançly taryhy bar. Onuň ruhy dünýäsiniň kämilligi bolsa akyldar, merdana, serkerde şahyr Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasynda anyk keşbe eýe bolýar. Bu hakykat alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda anyk taryhy wakalaryň, akyldar şahyryň ýokary adamkärçilik häsiýetleri hakynda söhbet açýan takyk delilleriň üsti bilen okyjylarynda, esasan-da, ýaş nesilde uly täsir galdyrýar. Hindistanda ýaşap geçen Baýram han Türkmeniň we onuň ogly Abdyrahym hanyň ömri we döredijiligi, gymmatly pikirlerini düýpli öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri bahasyz gollanmadyr.
Asly garagoýunly türkmenlerinden bolan Muhammet Baýram han we soňra onuň ogly Abdyrahym han XVI asyryň başlaryndan tä XVII asyryň birinji çärýegine çenli Hindistanda Mogollar dinastiýasyny esaslandyrmakda hem-de berkitmekde örän uly hyzmatlaryny bagyşlapdyrlar. Olaryň harby sungat boýunça görkezen nusga alarlyk edermenligi häzirki Hindistanyň taryhynda hem uly buýsanç bilen öwrenilýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda aýratyn nygtalyp, hindi alymynyň Muhammet Baýram han Türkmeniň ömrüne we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaby barada gürrüň gozgalýar. Milletiň tebigatyndan gaýdýan kämil ahlak häsiýetleri bilen serkerde şahyr alys ýurtda edermenligiň beýik nusgasyny görkezýär.
Söz sungatynyň taryhynda paýhas goýazylygy bilen, ahlak gymmatlyklaryny döwürdeşlerine hem geljekki nesillere wesýet etmekde bitiren uly hyzmaty bilen milletimiziň hakydasynda ebedilik orun alan Baýram han Türkmen külli ynsanyýete mahsus bolan mertlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik, sadalyk, päklik, halallyk, dogruçyllyk garaýyşlary bilen umumadamzadyň kalbyna ýol salýar. Şol paýhasly pikirler kämillige tarap anyk ýoldur. Ol nepesiňi durlap, many goýazylygy, pikir yzygiderliligi bilen paýhasly ýaşaýşa ýol arçaýar. Milli edebiýatymyzyň genji-hazynasynyň mysalynda hormatly Prezidentimiz, ilkinji nobatda, şahsyýet kämilligini gazanmagyň möhümdigini tekrarlaýar. Bu babatda akyldaryň paýhas goruny özünde jemleýän gymmatly eserleri, olaryň süňňüni düzýän parasatly pikirleri, kämillige çagyryş bolup ýaňlanýan öwüt – ündewleri möhüm ähmiýete eýedir.
Muhammet Baýram han Türkmeniň filosofiki mirasyny hem adamzadyň aň ösüşini gazanmaklygyň baş serişdeleriniň hatarynda görkezmek mümkin. Onuň bize miras goýan eserlerinde parahatçylyk, dost-doganlyk, watançylyk, mertlik, ugur tapyjylyk, ajaýyp milli gymmatlyklar ýaly düşünjeler şöhlelendirilýär.
Hormatly Prezidentimiz özüniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserinde türkmen halkynyň beýik oglunyň “parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr” diýen dürdäne sözlerini getirýär [1, 44 sah.]. Aradan birnäçe asyr geçen-de bolsa, bu jümläniň gymmaty bütin adamzadyň ýoluna öz röwşen şuglasyny saçýar. Has dogrusy, Arkadag Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýan hemişelik bitaraplyk ýörelgesi hem şu günki günde şol pikiriň dowamaty bolup, özüni bütin dünýäde has giňden äşgär edýär. Muňa 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen şygarymyzyň öňe sürülmegi, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň iki gezek ykrar edilmegi, sebitde, bütin dünýäde ynsanperwer gatnaşyklaryň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň alnyp barylmagy ýaly umumadamzat bähbitli işler şaýatlyk edýär.
Alym Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda asyrlaryň dowamynda toplanylan milli tejribäni, durmuş paýhasyny, adamkärçiligiň iň beýik ýörelgeleriniň umumylygyny özünde jemlän merdana türkmen serkerdesi Muhammet Baýram han Türkmen we ol barada hindi alymy tarapyndan 1978-nji ýylda ýazylan “Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri” atly iş barada söz açylyp, dünýäde Watanymyzyň tanalmagynda meşhur türkmen serkerdesiniň taryhy ähmiýeti, onuň kämil şahsyýeti hem-de watansöýüji nesliň kemala gelmeginde ahlak häsiýetleri, akyldar şahyr hökmünde paýhasly pikirleri filosofiki seljermä eýe bolýar [2, 66 sah.]. Hormatly Prezidentimiz Muhammet Baýram han Türkmeniň beýik şahsyýetiniň kämilliginiň iň ýokary derejesini onuň mertliginde, adalatlylygynda, ynsanperwerliginde, ynamyna wepalylygynda, ygrarlylygynda, ýokary adamkärçiliginde, ýagşy häsiýetlerinde hem-de hakyky watansöýüjiliginde görýändigini taryhy wakalaryň üsti bilen anyk delillendirýär.
Muhammet Baýram han Türkmeniň çeper-filosofiki mirasy onuň filosofiýa ylmyny, geçmiş akyldarlaryň filosofik pikirlerini düýpli öwrenendigini hem-de özleşdirendigini äşgär edýär. Bir mysala ýüzleneliň:
Hudaýa golaý duran biler öz kimligini,
Bakylyk meýin içip, ýagtyldar tümlügini,
Bar zat ýok bolup gider, diňe ol baky galar –
Bir Hudaýyň öňünde bitiren gullugyny. [3, 31 sah.]
Bu şygyr setirlerinde üns berseňiz, barlygyň başlangyjy barada ýöredilýän pikir adamy öz ýaşaýşyny pähim-paýhasly gurnamaga çagyryş bolup ýaňlanýar. Birinjiden, öz kimligiňi aňlamak, ýagny öz-özüňe akyl ýetirmek, ikinjiden, dogry ýolda bakylyga goşulmak, üçünjiden, “barlyk”, “ýokluk” düşünjeleriniň çygrynda öz-özüňi ykrar etmek ýa-da ömrüň manysyna ulaşmak zeruryýetini öňe sürýär. Munuň özi filosofiýanyň müdimi meselesidir.
Muhammet Baýram han Türkmeniň çeper-filosofiki mirasynyň ýene-de bir möhüm tarapy patyşanyň waspynyň örän zyýada taryplanylýandygyna kepil geçýär. Onuň şahyrana galypdaky pikir yzygiderliligi şahyryň öz döwrüniň ylmy açyşlaryndan kämil derejede habarly bolandygyny aňlamaga esas berýär:
Çarhy-pelek aýlanar öz okunyň daşyndan,
Geçýär asman daşlary dolan aýyň duşundan.
Patyşanyň gullarnyň bu derdinden iripdir,
Aýa-güne taý adam huşy uçup başyndan.
Şanyň tugundaky aý parlap duran güneşe
Barmysyňam diýenok, hoş özüniň bolşundan.
Zemin-asman mydama buýruk alýar özüne,
Ol Jemşit patyşanyň ýüzüginiň gaşyndan.
Eşrepiden, altyndan doly açyk saçagy
Şalaryň gadamyna seçmek üçin joşundan.
Mertebesi, abraýy belent bolany üçin,
Asman baş egip ötýär Humaýunyň gaşyndan. [3, 31 sah.]
Merdana şahyryň çeper döredijiliginde özüňi alyp barmagyň şu üç ýörelgesi hödürlenilýär:
1. Şalaryň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmaly.
2. Garyp-gasarlaryň göwnünden turup, olara duýgudaşlyk etmeli.
3. Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüňe dykgat etmeli.
Şu üç sypata eýe bolan mert ýigidiň keşbi şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Terbiýäniň bu görnüşi halkymyzyň durmuşyna ýiti täsirini ýetiripdir. Munuň özi halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň saklanyp galmagyna getiripdir. Şeýdip hem, Muhammet Baýram han Türkmen beýik şahyrymyz bolup, milli edebiýatymyzyň, medeniýetimiziň taryhyna müdimilik giripdir.
Umuman, Muhammet Baýram han Türkmeniň çeper-filosofik mirasyny düýpli öwrenmek häzirki döwürde öňümizde keserip duran meseleleriň biridir. Munuň özi milli bähbidimize hem kybap gelýär. Çünki, hut, şu beýik akyldaryň bize nusgalyk ömür ýoly, paýhas hazynasy türkmeniň millet hökmündäki abraýyny ýer ýüzünde has-da dabaralandyrmaga esas berýär. Bu işleri talabalaýyk durmuşa geçirmeklikde bolsa bu şahsyýet baradaky ýazuw çeşmeler möhüm ähmiýete eýedir. Baýram han Türkmen we onuň ömri baradaky maglumatlar esasanam, hindi awtorlarynyň işlerinde beýan edilýär. Olarda berilýän maglumatlar bu görnükli syýasatçynyň taryhy hyzmatlaryny, şygryýet dünýäsiniň many-mazmunyny seljermäge belli bir derejede mümkinçilik döredýär. Şol döwürde ýazylan Abdyl Baki Nahawandiniň “Maasir-i-Rahimi”, Şahnawaz hanyň “Maasir-ul-Umara”, Kewal Ramyň “Tazkirat-ul-Umara” hem-de ondan soňraky döwürlerde ýazylan Hekimaly Köwser Çandpurynyň “Muhammet Baýram han Türkmen”, Munşi Debi Praşadyň “Hanhanannama”, Ram Kişore Pandiniň “Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri”, Sukumar Reýiň “Baýram han” ýaly gymmatly işlerinde Baýram han we onuň döwri, taryhy hyzmatlary, döredijilik äleminiň köptaraplylygy barada maglumatlar bar [5, 99 sah]. Muňa garamazdan, bu işleri doly öwrenmek, seljermek arkaly Baýram han Türkmeniň Mogollar döwletinde alyp baran parasatly syýasatlaryny doly we çuňňur öwrenmeklik möhüm wezipe bolup durýar. Bu çeşmelere esaslanmak, olardaky dagynyk maglumatlary bir ýere jemlemek we seljermeklik bilen Baýram han Türkmeniň durmuş ýoly we Abdyrahym hanyň nesil daragtyny düzmek mümkindir.
Muhammet Baýram han Türkmeniň çeper-filosofiki mirasy, adamyň gözelligini açmak we kemala getirmek meseleleri ruhy çäklilikden çykmak, ahlak arassalygyny gazanmak, beýik watansöýüjilik arkaly parahatçylygy gazanmak bilen berk baglanyşykda ýüze çykýar. Şonuň üçin bu pikirler häzirki döwürde hem ynsanperwer terbiýäniň gözbaşynda durýar. Bu bolsa nesiller üçin dowamat dowam terbiýe mekdebidir.
Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. –Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.
3. Munşi Debi Praşad. Hanhanannama. 1997.
4. Aýdogdyýew M., Nazarow A. Baýram han Türkmen we onuň döwri. Aşgabat, 2003.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI