30/11/-0001
833
Hormatly Prezidentimiziň “Dialog – parahatçylygyň kepili ” atly pelsepesine bagyşlanan maslahat
2022-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly pelsepesi halkara gatnaşyklarynda täze garaýyş“ atly maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem institutyň mugallymlarydyr talyplary hem-de mili habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy E.Ataýewanyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy M.Gurbanberdiýewiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri B.Ataýewiň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklary boýunça utgaşdyryjysy B.Baýramowyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni M.Nurmuhammedowanyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O.Ezimowanyň we beýlekileriň çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda, hususan-da 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi we onuň ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Çykyş edenler biziň ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilmeginiň dowam edilmeginiň aýratyn zerurlygyny nygtadylar hem-de hormatly Prezidentimiziň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjyň kemala getirilmegi baradaky pikiriniň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy.