30/11/-0001
542
Hindide türkmen danasy – Hanlaryň hananasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baý edebi we ruhy mirasymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi çuňňur öwrenmek we olar baradaky gymmatly maglumatlary halkymyza ýetirmek işi täze derejä eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işler bitirilýär. [1,s.2] Halkymyzyň aňynda ebedi orun alan, beýik şahsyýetlerimiziň arasyndan türkmenleriň baharly taýpasynyň wekili, beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr, ussat diplomat Baýram han Türkmeniň adyny aýratyn bellemek bolar. Adalatlylyk ugrunda göreşen, adam mertebesine hormat goýýan şahsyýet hökmünde türkmen halkynyň beýik ogly Baýram hanyň şahsyýeti, özboluşly döredijilik ýoly, batyrgaý, edermen häsiýetleri öwrenilmäge mynasypdyr. Taryhy şahsyýetlerimize degişli gyzykly maglumatlary öwrenip, olary halkymyza ýetirmegi özlerine mukaddes borç hasaplaýan türkmen taryhçylarymyzyň arasynda Ö.Gündogdyýewiň, edebiýatçy alym R.Kürenowyň döwlet işgäri bolan Muhammet Baýram han Türkmeniň bitiren uly hyzmatlary barada ýazan ylmy işleri biziň taryhy mirasymyzdyr.
Hindistandaky Beýik Mogollar döwleti türkmen halkynyň beýik döwlet işgäri Baýram han Türkmeniň aýratyn tagallasy bilen imperiýa derejesine ýetirilýär. Muhammet Baýram han Beýik Mogollar döwletini berkitmekde, ony Şirhan eýeländen soň, döwleti täzeden gaýdyp almakda we dikeltmekde uly işler bitirýär. Ol Humaýuna dost hem dogan hökmünde wepadar goldaw-hemaýat berýär. Eger-de, Baýram han bolmadyk bolsa, Humaýunyň, Ekberiň döwürlerinde Beýik Mogollar döwleti hem bolmazdy. Ol imperiýanyň hemme ýerinde tertip-düzgünli goşun birikmelerini döredýär we şol birikmeleriň söweşjeň ukybyna, goşundaky bölümleriň serkerdeleriniň ylym derejesine, esgerlere bolan garaýyşlaryna-da aýratyn üns beripdir. Baýram han Beýik Mogollar döwletinde wezir bolan döwründe hem-de 1556-1560-njy ýyllarda Ekberiň adyndan döwleti dolandyran döwürlerinde-de ýurdy ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna ýetirýär, onuň goşunynda özgertmeler geçirip, berk tertip-düzgün girizýär. Döwlet dolandyryş diwanynda, kanun çykaryjy edaralarynda, kazyýetde we beýleki ýokary wezipeli gulluklarda işlär ýaly halkyň arasyndan abraýly, zehinli, halk üçin alada edýän ugurtapyjy adamlary gözläp tapypdyr we olary işe belläpdir. Il içinde uly abraýdan peýdalanan alymlary, görnükli şahyrlary köşge çagyryp, olar bilen söhbetdeşlik gurapdyr, olaryň maslahatlaryny alypdyr. Alymlara, binagärçilik bilen meşgul bolýanlara, taryhçylara, şahyrlara ýakyndan howandarlyk edipdir. Baýram han uly syýasy-diplomatik işleri hem alyp barmak bilen Humaýuny doganlary bilen ylalaşdyryp, Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda patyşasy bolmak umydyny ýitiren Humaýunda Hindistanyň tagtynda ikinji gezek oturjagyna ynam döretmegi we Eýrana Tahmasp şanyň ýanyna getirmegi, bu beýik türkmen şahsynyň öňdengörüjiligini, döwlet döretmekde we dolandyrmakda uly şahsdygyny görkezýär. Gülbeden hanym Baýram han barada: “Humaýunyň iň ýakyn begi, çuňňur akyl halypasy we Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda ikinji gezek dikeldilişiniň hakykatdan hem gurnaýjysydyr” diýip belläpdir. Muňa laýyklykda, iki patyşanyň hökümi esasynda Baýram hana «Hanlar hany» derejesi hem-de patyşalar tarapyndan ähli türkmenleriň ýaşulusy diýen hormatly adyny bermek mynasyp görülýär.
Muhammet Baýram han diňe bir döwrüniň harby tälimlerini kämil özleşdiren serkerde bolman, eýsem öz ynsançylyk häsiýetleri, ajaýyp şahyrlygy üçin-de uly abraýdan peýdalanypdyr. Onuň “Fetihnama” atly öz harby ýörişleriniň beýanyny edýän kitabynyň bolandygy çaklanýar. [2,s.3]
Baýram hanyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanyp, iňlis dilinde ýazylan işlerden Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň “Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri” at bilen 1990-njy ýylda neşir edilen iş bellenmäge mynasypdyr. Pandi bu işinde: “Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol mogol däl-de, türkmendi...” diýip belläpdir. Elbetde, türkmen bolup, halkymyzyň içinden çykan Baýram hana berilýän şeýle ýokary bahany daşary ýurt wekilleriniň ýazan işlerinden öwrenmek bizi diýseň buýsandyrýar.
Baýram han Baharly türkmenleriň ajaýyp şahyry we beýik serkerdebaşysy, ol akylly-başlylyk, parasatlylyk, edermenlik, wepalylyk, ylymly-sowatlylyk, adamkärçilik ýaly gowy häsiýetleri, sypatlary özünde jemläpdir. Onuň beýik döwlet işgäridigini, akyldar-paýhasly şahyrdygyny dünýä ykrar edýär. Iňlis alymy, gündogarşynas Edward Denison Ross Baýram hanyň eserlerini, şygyrlaryny ilkinji bolup çapa taýýarlaýar we 1910-njy ýylda olary Kalkuttada neşir etdirýär. Muhammet Baýram han barada Denison Ross: “Ýyldyz kimin ýagtylyk berýänleriň arasynda parlak ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýunyň, Ekberiň köşklerine ýagtylyk beripdir. Onuň ady XVI asyryň durmuşyny görkezip, Hindistanyň taryhynda uly mertebesi bar” diýip belläp geçipdir. Baýram hanyň ady we onuň bilen bagly wakalar Hindistanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň, Horasanyň, Türkmenistanyň şol döwürdäki taryhy bilen bagly wakalarda agzalyp geçilýär. Şeýle işlerden Zahyreddin Muhammet Babyryň gyzy Gülbeden Begimiň özüniň dogany Humaýuna bagyşlap ýazan “Humaýunnama” atly kitabynda Baýram han we onuň maşgalasy barada gowy hatyralar goýulýar. XVI asyrda pars dilinde ýazylan bu kitap, 1900-nji ýylda Londanda iňlis alymy Beberij tarapyndan iňlis diline geçirilip neşir edilýär. Şeýle hem, 1606-njy ýylda Muhammet Kasym Fereşte tarapyndan pars dilinde ýazylan “Taryhy Fereşte” atly iş hem iňlis diline terjime edilýär we häziki wagtda taryhy çeşme hökmünde giňden peýdalanylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolan Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) 30-njy mejlisiniň karary bilen, kabul edilen “Bütindünýä şygryýet güni” her ýylyň 21-nji martynda bütin dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu halkara güni bilen baglanyşykly ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 31-nji martynda “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumynyň geçirilmegi, türkmen serkerde şahyrynyň nusgalyk ömri, edebi döredijiliginiň aýratynlyklary, pelsepewi, ynsanperwer garaýyşlary, döwrüň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ylmy ýagdaýy hakynda düýpli pikirleriň kemal gelmegine itergi berdi. Şeýle hem, döwrüň medeni-edebi ösüşine uly täsir eden akyldar şahyr Muhammet Baýram han Türkmeniň gahrymançylykly durmuş ýoluny we baý döredijiligini öwrenmek babatynda alymlaryň we professor-mugallymlaryň, ýazyjylardyr şahyrlaryň, syýasaty öwrenijileriň hem-de diplomatlaryň tagallalaryny birleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi.
Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys. Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys. [3,s.2] Türkmenistan öz döwlet Garaşsyzlygyny alandan soň, Baýram hanyň şahsyýetine, döredijiligine, aýratyn-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köp üns berlip başlandy. Bu beýik şahsyň 500 ýyllyk senesi 2000-nji ýylda dabaraly ýagdaýda bellenildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň “Ylham” seýilgähinde heýkeltaraş Saragt Babaýewiň tagallasy bilen ýasalan Baýram hanyň heýkeli, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Baýram han seýilgähi we onuň merkezinde görnükli şahsyýetiň oturdylan ajaýyp heýkeli ildeşlerimizi her bir pursatda garşylap dur. Merdana halkymyzyň taryhynda görnükli orun eýeleýän Baýram han Türkmeniň adyny ebedileşdirmek maksady bilen, onuň ady täze döredilen harby bölümleriň birine dakyldy. Ony beýik döwlet işgäri we ajaýyp akyldar-şahyr hökmünde hemmeler hormat bilen ýatlaýarlar.
Taryhy şahslarymyz barada maglumat gorumyzy artdyrmak, olaryň adalatly, ynsanperwer häsiýetlerinden görelde almak, döredijiliginiň inçe syrlaryny çuňňur öwrenmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Goý, milli mirasymyza, baý geçmiş taryhymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
EDEBIÝAT
1. Hanlar hany Baýram han. Türkmenistan gazeti. // –A: TDNG, 2021 –s.2.
2. Şahyrana döredijilige sarpa. Aşgabat gazeti. // –A: TDNG, 03.04.2021 –s.3.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşy. Mugallymlar gazeti. // –A: TDNG, 2019 –s.2.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI