20/12/2024
58
HEMIŞELIK WEKILIŇ ADATY IŞ GÜNI
Başda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde kabul edilýän rezolýusiýalar, kararlar bilen baglylykda BMG-niň Baş sekretaryndan köp sanly ýüz tutmalar, haýyş hatlary gelip gowuşýardy we men olary üns bilen öwrenerdim, iňlis dilinden türkmen ýa-da rus diline gyssagly terjime ederdim. Soňra bolsa ýurdumyzyň bähbitlerini göz öňünde tutmak, şeýle hem özümiň olar baradaky oý-pikirlerim we tekliplerim bilen şol ýüz tutmalar we haýyş hatlary barada Hökümetimizi habardar ederdim.
Hemişelik wekil, ilçi hökmünde meniň işimde ýurdumyz üçin zerur bolan ylmy-barlag materiallaryny ýygnamak we olary Aşgabada ýollamak, BMG-niň BA-nyň mejlislerine taýýarlanmak bilen bagly meseleler hem uly orun tutdy. Hemişelik wekilhanamyzyň BA-nyň mejlisleri bilen bagly iş Meýilnamasyny men her ýyl öz wagtynda (maý aýynda) taýýarlaýardym we ony tassyklatmak üçin TDIM-niň garamagyna ýollaýardym. Dekabr aýynyň aýagynda, BA-nyň mejlisiniň esasy böleginiň tamamlanmagy bilen, her ýyl Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň BA-nyň mejlisine gatnaşmagynyň netijeleri barada daşary işler ministriniň adyna syýasy hasabat taýýarlardym.
Dekabr aýynda men şeýle hem Hemişelik wekilhanamyzyň indiki ýyl üçin iş Meýilnamasyny taýýarlardym. Bu meýilnama goşmaça hökmünde onuň yzyna, adatça, Türkmenistan üçin aýratyn gyzyklanma döredip biljek BMG-niň esasy ýygnaklarynyň, maslahatlarynyň sanawyny we başga materiallary goşardym. Ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli bolsa, özümiň mümkinçiliklerime görä, BA-nyň nobatdaky mejlisiniň Gün tertibiniň has möhüm meseleleri boýunça öz hususy ylmy-barlaglarymy geçirerdim. Munuň özi şol meseleler boýunça Hökümetimizi habardar etmek we biziň garaýyşlarymyz bilen bagly teklipleri öňe sürmek üçin zerurdy.
Ýokarda aýdylanlar, has takygy, Hemişelik wekilhanamyzyň öňünde durýan wezipeler bilen baglylykda, Hemişelik wekil hökmünde men özümiň gün tertibimi, takmynan, şeýleräk gurapdym: adatça, men ýerli wagt bilen ir sagat 6-da turýardym we ýeňil ertirlikden soň, 6 sagat 40 minutda Manhettene ugraýardym. Meniň ýaşaýan ýerim bolan Bronks etrabyndan Manhettene barmak üçin, takmynan, 20 kilometr ýol geçmelidi. Ýolda men radio diňleýärdim we dünýäde bolup geçýän täzelikler bilen tanyşýardym. Şol gidişime göni BMG-niň ştab-kwartirasyna barýardym we şol ýerden Wekilhanamyz üçin niýetlenen BMG-niň poçtasyny we materiallaryny alýardym.
Şunlukda, her gün ir sagat 8-de Manhetteniň merkezinde, 67-nji köçede, Leksington we 3-nji awenýuniň arasynda ýerleşen Hemişelik wekilhanamyzda iş ýerimde bolýardym. Irden, 9 sagat 30 minuta çenli Hemişelik wekilhanamyzda işleýärdim: BMG-niň resminamalary, şol sanda BMG-niň ştab-kwartirasynda şol gün boljak mejlisleriň maksatnamalary, şeýle hem edaramyza gelýän hatlar bilen tanşardym. Bolýan ýurdumyň, hatda onuň goňşy ýurtlarynyň wekillerinden dürli meseleler bilen Türkmenistanyň Hemişelik wekili bilen duşuşmak isleýänler hem az däldi. Şeýle duşuşyklar barada men ýörite depderçe tutupdym we şondaky sanawyň üstüni men günde kabinetimdäki hemişe jogap berýän telefondan dolduryp durýardym. BMG-de günüň birinji ýarymynda geçirilýän mejlisler, adatça, sagat 10-dan sagat 13-e çenli, günüň ikinji ýarymyndaky mejlisler bolsa sagat 15-den 18-e çenli meýilleşdirilýärdi we men şol wagtlar, adatça, BMG-de bolýardym. 18 sagat 30 minutdan sagat 22-ä çenli bolsa Hemişelik wekilhanamyzda işleýärdim: ozaly bilen, Aşgabada ýollanylmaly habarlary taýýarlamak we olary ugratmak ýaly dürli işler bilen meşgul bolýardym. Köp halatlarda, hatda şenbe we ýekşenbe günleri hem edarada işlemeli bolýardy. Umuman, meniň iş günüm ölçegsizdi we ol gije-gündiziň, takmynan, 17 sagadyny öz içine alýardy. Gepiň gysgasy, meniň wagtyma isleg bildiren talaplar çensiz köp boldy. Ýöne muňa seretmezden, ýaşaýan ýerime her gün özümiň çylşyrymly, örän agyr, şol bir wagtyň özünde hem Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna çeken gündelik diplomatik işimiň netijelerinden kanagatlanmak bilen hemişe keýpikök ýagdaýda barýardym.
Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor,
taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme:
"Ýaş diplomatyň sesi" elektron gazeti 20.12.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/ru/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-32-115_5868
Soňky täzelikler
21/12/2024
«Akylly» şäheriň täze üstünligi20/12/2024
ÝEŇŞE UZAÝAN MENZILLER