25/07/2024
1092
Halypa diplomat. Görnükli alym. Beýik şahsyýet
Diplomat, onda-da öz işine ezber diplomat her bir ýurduň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýar, milli bähbitleriň goralmagyny üpjün edýär. Ak ýürekden zähmet çekýän diplomatlar ömrüniň esasy bölegini halkyna, ýurduna hyzmat etmek bilen geçirýärler. Olaryň galdyran yzlary hem öçmejek häsiýete eýe bolýar. Häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň şeýle wekilleriniň biri hem Amangeldi Rahmanowdyr.
Sözümiziň başynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň 1994-nji ýylda ýazan şu setirlerini ýatlamagy makul bildik: «1944-nji ýylyň iýulynda jahanda şindi uruş ody lowlaýarka, Mary etrabynyň Peşanaly obasynda mugallym maşgalasynda «Amangeldi» ady dakylan oglanjyk dünýä inende, Birleşen Milletler Gurmasy ýokdy. Amangeldi bir ýaşanda uruş ýatyp, döredilen iň uly hem abraýly halkara döwletara guramasy — BMG-de ýene kyrk ýedi ýyldan öz ogullary işlär diýip, onuň ene-atasynyň şonda küýüne-de gelen däldir, elbetde». Hakykatdanam, Türkmenistanyň BMG-däki ilkinji Hemişelik wekili Amangeldi Rahmanowyň bu jogapkärçilikli wezipäni üstünlikli berjaý edenligine eýýäm ýyl ýarymyň içinde onuň BMG-niň Halkara dostluk we Hoşniýetlilik jemgyýetiniň Tagzym we Minnetdarlyk Şahadatnamasy bilen sylaglanmagy şaýatlyk edýär.
Аmangeldi Rahmanowyň durmuş ýoluna ser salmak bilen, onuň 15 ýyldan gowrak wagtyň içinde diplomatik gullukda iň pes hünär basgançaklary bolan attaşe wezipesinden we derejesinden Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçiniň wezipesine we derejesine çenli hakyky zähmet ýoluny geçip bilen juda seýrek diplomatdygyna göz ýetirmek bolýar. Halypa diplomatyň syýasy-diplomatiki terjimehaly 1975-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary wezipesinden başlandy. 1980-nji ýylda ol Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi. Diplomatik we ylmy derejeleri, şeýle hem ylmy ady barada aýdylanda, Amangeldi Rahmanow Türkmenistanyň we Sowet Soýuzynyň Prezidentleri tarapyndan ömürlik dakylan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi (1993), Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekil (1991) ýaly iň ýokary diplomatik derejeleriň eýesidir. Ol şeýle hem filosofiýa ylymlarynyň kandidatydyr (Kiýewiň T.G.Şewçenko adyndaky uniwersitetiniň Ýöriteleşdirilen Geňeşi, 1974), taryh ylymlarynyň doktorydyr (SSSR-iň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň Ýöriteleşdirilen Geňeşi, 1991), Halkara gatnaşyklary we daşary syýasatyň taryhy hünäri boýunça professordyr.
1991-nji ýylyň iýunynda A.Rahmanow SSSR-iň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň Baş geňeşçisi werzipesine bellenýär. Özüniň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy boldy we bu iň iri halkara hökümetara guramasynyň ýanynda özüniň Hemişelik wekilhanasyny açdy. Bu wekilhana Türkmenistanyň daşary ýurtlarda açan ilkinji diplomatik wekilhanasy boldy.
1995-nji ýylyň martynda A.Rahmanow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, 1996-nji ýylyň iýulynda bolsa utgaşdyrmak esasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hem bellendi. A.Rahmanowyň netijeli diplomatik işi Türkmenistanyň we Hytaýyň, Günorta Koreýanyň arasynda aragatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam etdi.
A.Rahmanow – hertaraplaýyn çuňňur bilimli adam. Eger ýagdaý muny talap edýän bolsa, onda ol hemişe berlen soraglara ýiti akyllylyk bilen jogap bermäge hem ukyplydyr.
Halypa diplomat A.Rahmanow soňky birnäçe ýyllardan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullygy üçin halkara hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanyp gelýär. Aslynda, bu ýokary diplomatik mekdebiniň kämilleşmeginde hut A.Rahmanowyň hem uly şahsy goşandynyň bardygyny bellemek isleýärin. Halypa diplomatyň ýazan okuw kitaplary we gollanmalary, ylmy işleri onuň ylmy we pedagogik ulgamda diňe bir hyjuwly zähmet çekendigini däl, eýsem, bu gün ylmyň görnükli wekilleri bolan ýüzlerçe talyplary, şägirtleri terbiýeleýändigine şaýatlyk edýär. Geljekki türkmen diplomatlary alym-diplomatyň «Diplomatik gullugyň esaslary», «Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy», «Diplomatik wekilhanalar we habar-seljeriş-düşündiriş işi», «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhy» (1917– 2016 ý.), «Türkmenistan – Hytaý: taryh we häzirki döwür», «Diplomatik gullugyň esaslary» (täzeden işlenen we üsti doldurylan ikinji neşir) ýaly ençeme okuw kitaplary we okuw gollanmalary boýunça hünär edinýärler.
Amangeldi Rahmanowy – ähli türkmen diplomatlarynyň halypasyny, bu inçe akylly, mylaýym gylykly, kiçigöwünli adamy onuň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamak bilen, halypa diplomata, halypa alyma we ussat mugallyma berk jan saglygyny, uzak ömür, döredijilik maksatlarynyň ählisiniň hasyl bolmagyny, sözüň iň ýokary manysynda, bagt arzuw edýäris.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.