10/03/2025
159
HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP ÇEKIŞME BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara zenanlar gününe
bagyşlanyp çekişme bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigi Ýewropa bileleşiginiň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksan
giriş sözi bilen açdy.
Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa
institutynyň hünärmenleri, şeýle-de halkara guramalarynyň
Türkmenistandaky edaralaryndan wekiller adalatly eminlik etdiler. Emin
agzalary gatnaşyjylaryň getiren delillerini bahalandyrmak bilen
çäklenmän, sözleri ýerlikli ulanyp biliş ukyplaryna, pikirlenişlerine we
diňleýjilere pikirini düşnükli ýetirmek ukyplaryna-da aýratyn üns
berdiler.
Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyp ýaşlaryndan ybarat toparlar gatnaşdylar. Her topar
üç talypdan ybarat bolup, olar öz çykyşlarynda söz ussatlygyny we
bilimleriniň çuňlugyny görkezmegi başardylar.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlaryndan
ybarat bolan topar özüniň çykyşlarynyň many-mazmunlylygy, sözleriň
çeper beýan edilişi we anyk subutnamalaryň getirilişi bilen tapawutlanyp,
ýeňiş gazanmagy başardylar.
Bäsleşik ýaşlaryň arasynda pikirlenmek medeniýetini ösdürmek we
dünýägaraýyşlaryny giňeltmek babatda aýratyn tejribe boldy. Oňa
gatnaşyjy talyp ýaşlar ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.