818
HALKARA TANS GÜNI
Her ýylyň 29-njy aprelinde bütin dünýäde Halkara tans güni giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1982-nji ýylda ÝUNESKO-nyň konferensiýasynda kabul edilen «Halkara tans gününi» (International Dance Day) bellemek baradaky çözgütden alyp gaýdýar. Bu baýramçylygy şu senede bellemegi rus mugallymy we horeografy Pýotr Gusýew teklip edýär. Sebäbi şol senede, ýagny 1727-nji ýylyň 29-njy aprelinde fransiýaly baletmeýster we häzirki zaman balet tansynyň düýbüni tutujy Žan-Žorž Nower dünýä inipdir. Şondan soňra dünýäde her ýyl bu baýram mynasybetli dürli tans agşamlary, festiwallar, tansyň dürli ugurlary boýunça bäsleşikler guralýar we ýeňijilere sowgatlar gowşurylýar. Tans barada söhbet açylanda türkmen milli küştdepdi tansy barada durup geçmek ýerlikli bolar. Küştdepdi tansy öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy däpler bilen häzirki zaman sungatynyň özara sazlaşygyny görkezýär. Küştdepdi tansy aýratyn hem Hazar deňziniň kenarýakasynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda giňden ýaýrandyr. Türkmen halkynyň özboluşly milli tansy küştdepdi hakynda 1871-nji ýylda rus ekspedisiýasynyň hatarynda biziň ýurdumyza gelen syýahatçy S.A. Gunaropulo özüniň «Türkmen ilinde» atly kitapçasynda ýazypdyr. Türkmen halkynyň taryhy-medeni däplerini we ruhy gymmatlyklaryny utgaşdyrýan halkymyzyň milli medeni gymmatlygy bolan ─ «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI