Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi
    «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi surady
    19/03/2025

    3206

    «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi

    2025-nji ýylyň 19-njy martynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara maslahat mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra halkara maslahatyň işine ak pata bermek we esasy beýannama bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda: «Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de birek- birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler» diýip, belläp geçdi. Soňra forumyň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly bäş sany sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny beýan edýän mejlislerde dowam etdi. Forumyň degişli ugurlar boýunça mejlislerinde ýurdumyz bilen ygtybarly maliýe hyzmatdaşlygy ýola goýan Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki dostlukly ýurtlaryň wekilleri geljekde döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrülendigini çykyşlarynda belläp geçdiler.
    Halkara maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nusgasy boldy.

    Mahym KAKAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary
    fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI