26/07/2024
889
Halkara kadalardan ugur alyp
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini tamamlan diňleýjilere Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýörite şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy. Okuw merkezinde diňleýjiler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri diplomatik protokolyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda kabul edilen kadalary we düzgünleri bilen giňden tanyşdyryldy.
Hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan özüniň gyşarnyksyz we üstünlikli alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ählumumy hem-de sebit derejesindäki meselelere dahylly öňe sürýän, gyzgyn goldanylýan başlangyçlary bilen halkara derejede uly abraýa eýe bolan döwletleriň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda döwrebap diplomatlaryň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän işewürleriň, bilermenleriň sany hem gitdigiçe artýar. Halkara hyzmatdaşlyga dürli ministrlikleriň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekiliýetleri giňden gatnaşýarlar. Şeýle gatnaşyklarda wekiliýetlerimiziň Türkmenistan döwletiniň adyndan çykyş etmegi häzirki zaman halkara gatnaşyklaryň baş guraly bolan diplomatik protokolyň kadalaryndan hem ýeterlik derejede habarly bolmalydygyny şertlendirýär.
Halkara gatnaşyklaryň hut şu aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda gol çeken Karary esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi döredildi. Ol şu ýylyň 18-nji fewralynda, ýagny Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde açyldy. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de olaryň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.
Okuw merkeziniň esasy maksady Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, telekeçilik bilen meşgullanýan kärhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýan bölümleriniň işgärlerini Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri, türkmen diplomatiýasynyň taryhy, diplomatik gatnaşyklar bilen baglanyşykly halkara we milli kanunçylyk baradaky düşünjeler, diplomatik protokolyň we etiketiň esasy kadalarydyr düzgünleri bilen giňişleýin tanyşdyrmakdan, olarda bu kadalar bilen baglanyşykly degişli endikleri kemala getirmekden ybaratdyr. Okuwlaryň dowamlylygy 2 aý töweregi bolup, diňleýjiler okuw sapaklaryny önümçilikden aýrylmazlyk şertinde geçýärler. Merkeziň okuw meýilnamasy dört bölümden düzülendir. Şu ýylyň mart-aprel aýlarynda okuwlaryň birinji tapgyry, iýun-iýul aýlarynda bolsa ikinji tapgyry geçirildi.
Merkezdäki okuwlary tamamlanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar özleşdiren sapaklarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen alyp barýan halkara hyzmatdaşlyklary üçin diýseň peýdaly boljakdygyny, Türkmenistana öz ýurdunyň, halkynyň adyndan diplomatik protokolyň we etiketiň kadalaryndan doly habarly adamlar hökmünde wekilçilik etmek üçin ýeterlik bilim-düşünje alandyklaryny buýsanç bilen nygtadylar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.