05/09/2024
923
Halkara haýyr-sahawat güni
Bilşimiz ýaly, her ýylyň 5-nji sentýabry Halkara haýyr-sahawat güni bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky 67/105 karary esasynda 5-nji sentýabry Halkara haýyr-sahawat güni diýip yglan edildi. Bu senäniň saýlanylmagy tötänleýin däl. Bu senede, haýyr-sahawatyň ösmegine uly goşant goşan we 1979-njy ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe bolan ene Terezanyň aradan çykan güni hem bellenilýär.
Her ýyl Halkara haýyr-sahawat güni BMG tarapyndan goldanylýar we dünýäniň dürli ýurtlarynda köpçülikleýin haýyr-sahawat çäreleri geçirilýär. Bu gün diňe bir haýyr-sahawat çärelerini geçirmek bilen çäklenmän, eýsem haýyr-sahawat işleri barada adamlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak we her kimiň şahsy goşandyny goşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Halkara haýyr-sahawat güni, bütin dünýäde mätäçlik çekýän adamlara kömek bermek günüdir. BMG agza döwletleri jemgyýetiň gowşak gatlaklaryna berilýän kömegiň göwrüminiň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna çagyrýar. Haýyr-sahawat, ilatyň agzybirligine we başgalara kömek etmek islegi bilen häsiýetlendirilen raýat jemgyýetiniň döremegine goşant goşýar.
Häzirki zaman dünýäsinde haýyr-sahawat jemgyýetiň gowşak gatlaklaryna goldaw bermekde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Türkmenistanda hem ynsanperwerlik, hoşniýetlilik syýasatyna eýerip, haýyr sahawat işleri boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Ýaňy ýakynda 1-nji sentyabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Türkmenistan tarapyndan gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanylmaga berildi. Mekdebiň ulanylmaga berlen güni dabara gatnaşyjylaryň ählisi, aýratyn-da 1-nji synp okuwçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Şanly waka mynasybetli, bu mekdebiň okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna “Bilimli” haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de “Toyota Coaster” kysymly awtobus sowgat berildi.
Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri ynsanperwerlilige, hoşniýetli goňşyçylyga, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp nesillerden-nesillere geçirip gelipdirler.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasy netijesinde, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary söýgi we alada bilen gurşalandyr. Maşgala goldaw bermek, eneligi, çagalygy goramak, ýaş nesle döwrebap derejede terbiýe hem bilim bermek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Beýleki ýurtlaryň çagalaryna-da ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Bagtyýar AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI