19/02/2024
1032
Halkara gatnaşyklarynda parlament diplomatiýasynyň täze sepgitleri
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejesinde abraýy barha artýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär.
Bu günki gün iň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan döwletimize sebitiň we dünýäniň ýurtlary uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda parlament diplomatiýasy möhüm orna eýedir. Bu bolsa halkara ýagdaýlary sagdynlaşdyrmaga, netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam etmäge, dürli milletli we syýasy garaýyşly adamlaryň arasynda deňhukukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny ýola goýmaga, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň köprülerini gurmaga gönükdirilendir.
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygyny, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ýörelgelerimiziň hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyzyň netijesinde Türkmenistanyň parahatçylygyň, döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrülip, döwletleriň arasyndaky strategik gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentiň mynasyp ornunyň bardygyny subut etdi. Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistan halkara parlament guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallary işlenip taýýarlanyldy.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalarynyň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly durmuşa geçirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygynyň we güýjüniň, ozaly bilen, raýatlaryň gönüden-göni wekilleri bilen parlamentarileriň arasynda dialog üçin mümkinçilikleri döretmegine şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasaty esasynda Türkmenistan halkara derejedäki duşuşyklaryň, forumlaryň we dürli maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegini, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä derejesinde eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär.
BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň diplomatiýanyň taryhynda nusgalyk tejribe toplandy. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy ýola goýulýan deňhukukly gatnaşyklarda parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan, ählumumy bähbidi bolan başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylykly ösüşini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny esasy ugur edinýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär.
Umuman, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmaga hem uly ähmiýet berýär. Parlament diplomatiýasy bolsa döwletara, sebit we ählumumy derejede örän wajypdyr. Parlament diplomatiýasy halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendir.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI