Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / HALKARA GATNAŞYKLARYNDA PARLAMENT DIPLOMATIÝASY ÖSDÜRILÝÄR
    HALKARA GATNAŞYKLARYNDA PARLAMENT DIPLOMATIÝASY ÖSDÜRILÝÄR surady
    30/11/-0001

    764

    HALKARA GATNAŞYKLARYNDA PARLAMENT DIPLOMATIÝASY ÖSDÜRILÝÄR

    Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ýylsaýyn ösüşlere eýe bolýar. Muňa mysal edip, şu ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparda bolmagy, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen-rus gatnaşyklary diňe bir syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda däl-de, eýsem parlamentariýa gatnaşyklary hem ösdürilýär.
    Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine girişen gününden başlap, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Döwlet Baştutanymyzyň goldamagy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle-de, forum bu döwletleriň arasynda halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde wajyp orunda durýar.
    “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylynyň 1-3-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge­ňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge­ňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny görkezýär. Parlamentara toparyň işjeň hereket etmegi netijesinde, onuň dürli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guraly bolup durýan parlament diplomatiýasynyň berkidilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir. Iki ýurduň parlament wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekki ösüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
    Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamagy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrarnamasy boldy.
    Umuman, Döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda öň­de durýan wezipeleriň çözülmeginde parlamentariler möhüm orun eýeleýär. Sebäbi islendik ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk resminamalarynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Ýurtlaryň milli kanunçylyklarynyň oýlanyşykly we de­ňagramly sazlaşdyrylmagy üçin parlament derejesindäki hyzmatdaşlygyň işjeň­leşdirilmegi zerurdyr.

    Arslan SYÝAHATOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI