30/03/2026
46
HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA TÜRKMEN-ERMENI HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan bilen bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ugurda hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmak bilen bagly meseleleri öz içine aldy.
Şeyle hem myhman institutyň çäginde hereket edýän “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” muzeýine baryp, ol ýerdäki gyzykly maglumatlar bilen tanyşdy.
Aknur BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.