Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
    28/05/2024

    1084

    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti

    Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama dünýäde belent ykrara eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martyndaky mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 22 — 25-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda strategik meýdança boldy. Oňa Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň 11 sany abraýly ýokary bilim ojagyndan 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 220-ä golaý talyp gatnaşdy.
    BIRLEŞME! HYZMATDAŞLYK! ÖSÜŞ!
    Bu üç söz halkara bäsleşigiň diňe bir düýp mazmunyny däl, eýsem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň, halkara gatnaşyklaryň, ýaşlar hyzmatdaşlygynyň hem özenini düzýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» möhüm orna eýedir. Halkara bäsleşik hem, adyndan belli bolşy ýaly, parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir.
    Halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşinde guralyp, degişli düzgünnama laýyklykda, onuň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda geçirildi. Test sowallary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny öz içine aldy. Şahsy tapgyrda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synagdan geçirdiler. Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika ýaly ugurlardan ybarat boldy.
    Şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijilere altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    TEJRIBE, TÄZE MÜMKINÇILIKLER
    Myhmanlar halkara bäsleşigiň çäklerinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu abraýly bilim ojagyndaky «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, hereket edýän merkezler, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy bilen tanyşlyk myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar bu babatda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Institutyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde myhmanlar öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.
    Ýeri gelende bellesek, halkara bäsleşigiň jemleýji gününde institutyň «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň ýörite sany taýýarlanyldy hem-de myhmanlara sowgat berildi. Degişli sahypalarda öz ýürek buýsançlaryny, fotosuratlaryny gören myhmanlar türkmen, iňlis, rus, türk, özbek... ýaly dürli dillerdäki söhbetdeşlikler, makalalar ýerleşdirilen bu gazeti şatlykly tolgunma bilen kabul etdiler.
    Halkara bäsleşigiň çäklerinde her döwlete wekilçilik edýän toparlaryň ýolbaşçy mugallymlary türkmen talyplary bilen duşuşyklary, okuw sapaklaryny geçirip, özleriniň tejribelerini, ylmy garaýyşlaryny paýlaşdylar.
    ÝEŇIŞLERIŇ ŞÄHERI
    Türkmen paýtagty ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin müňlerçe kilometrlik ýollary söküp gelen myhmanlaryň her ädimde diýen ýaly aýak çekip, ajaýyp Aşgabadyň gözellikleriniň hiç birini deňinden geçiresleri gelmän, surata düşüşlerini tolgunman synlamak mümkin däl. Olaryň islendigi bilen söhbetdeş bolanyňda, abraýly döwletde geçirilýän ýaryşa gatnaşyp, dünýägaraýşyňy, gözýetimiňi giňeltmegiň, gözellikleri görmegiň, tejribe alyşmagyň, geljegiň üçin gor ýygnamagyň özüniň uly ýeňişdigini aýdýarlar. Diýmek, olaryň ählisi ýeňiji!
    Şol günlerde paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi. Myhmanlar bu hoş habary ýatlanlarynda: «Şonda bizem Aşgabatdadyk» diýip, şu gezekki halkara bäsleşigi hem ýakymly duýgulara beslärler.
    Däp bolşy ýaly, daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama düzüldi. Olar halkara bäsleşigiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeklerine, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, şeýle-de paýtagtymyzdaky medeni, söwda we dynç alyş merkezlerine aýlanyp gördüler. Gyzykly şüweleňler, gezelençler, pikir alyşmalar Türkmenistana gadam goýan ilkinji minutlaryndan başlap, tä hoşlaşyk pursadyna çenli myhmanlaryň hemrasy boldy.
    SANLAR WE MAGLUMATLAR:
    ■ Halkara gatnaşyklarynda we syýasatda matematikanyň, geosyýasy modelirlemäniň ornuny şöhlelendirýän halkara bäsleşik Türkmenistanda ilkinji gezek geçirildi.
    ■ Netijelere görä, gatnaşyjylar şahsy tapgyrda 21 altyn, 36 kümüş we 46 bürünç medal gazandylar.
    ■ Türkmen talyplary şahsy tapgyrda altyn medallaryň 11-sine, kümüş medallaryň 34-sine, bürünç medallaryň 43-sine — jemi 88 medala mynasyp boldular.
    ■ Halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda 3 topar altyn, 5 topar kümüş we 8 topar bürünç medal gazandy.
    ■ Toparlaýyn tapgyrda ildeşlerimiz 9 altyn, 15 kümüş, 24 bürünç medal gazandylar.
    ■ Şahsy tapgyrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 3 altyn, 8 kümüş, 1 bürünç medala mynasyp boldular. Bu iň ýokary görkezijidir.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
    «Nesil».

    Çeşme: "Nesil" gazeti -27.05.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/150214

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI