Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY
    23/05/2024

    2722

    «HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK ÖZ IŞINE BAŞLADY

    2024-nji 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady. Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
    Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Berdinyýazow, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, syýasy ylymlarynyň kandidaty Igor Okunew çykyş etdiler. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek ýörelgelerinden gözbaş alýan bu halkara bäsleşigiň ähmiýeti dogrusynda bellediler. Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
    Bäsleşigiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň bilelikde taýýarlan baýramçylyk konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Baýramçylyk konsertinde türkmen dilinde hem-de bäsleşige gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar sungatyň dilinde halkaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy berkimäge çagyryşyň belent nusgasy bolup ýaňlandy. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar, degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn görnüşinde ýazuw-barlag işlerine we test sowallaryna jogap bermäge girişdiler. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik maý aýynyň 25-ine çenli dowam edýär.

    Mährijemal MÄMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmengazet.com/2024/05/23/halkara-gatnasyklary-parahatcylyk-dialogynyn-medeniyeti-atly-halkara-baslesigine-badalga-berildi/


    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI