22/04/2024
338
Halkara ene Ýer güni
Her ýylyň 22-nji aprelinde halkara derejede Halkara ene Ýer güni giňden bellenilýär. Bu baýram BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda geçirilen 63-nji mejlisinde BMG agza bolan 50-den gowrak döwletiň awtordaşlyk etmeginde döredilip, 2010-njy ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Umumadamzat ýaşaýşynyň rahat öýi hasaplanýan Ýere aýratyn ähmiýet berilmegi, onuň halkara günleriniň senenamasynda orun almagyna getirdi.
Bu günüň bellenilmegi Ýer şarynyň ähli ilatly künjeklerinde ýaşaýan her bir adama, umumy öýümize minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik berýär. Gurama agza döwletleriniň ählisini, halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalaryny Halkara ene Ýer gününi bellemäge çagyrýar. Bu sene Demirgazyk ýarym şarda ýazda, günorta ýarym şarda bolsa güýzde bellenilýär. Munuň esasy maksady jemgyýetiň we Ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni Ýeriň, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzadyň gabat gelýän çylşyrymly meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekden ybarat bolup durýar.
Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden alymlar bu gün mynasybetli daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara jemgyýetçiligi «tegelek stoluň» başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler, seminarlar, «tegelek stol» maslahatlary, şeýle-de mahabat çäreleri guralýar. Şeýle-de uly şäherleriň käbir köçelerinde gara ýollar ýapylýar, arassaçylyk we bag ekmek işleri geçirilýär.
Häzirki we geljekki nesilleriň ykdysady, durmuş we daşky gurşaw zerurlyklarynyň arasynda deňhukukly deňagramlylygy gazanmak üçin tebigat we Ýer şarynyň sazlaşygyny ösdürmek örän zerur bolup durýar. Şonuň üçin bu günde her kim öz daş-töweregini we köçelerini abadanlaşdyrmak işine işjeň gatnaşýarlar.
Akmuhammet BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI