06/04/2023
1131
Halkara bilermeni bilen geçirilen iş maslahaty
2023-nji ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly taslamanyň çäginde halkara bilermeniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi.
Iş maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen “Uzak aralyklaýyn okuwyň esaslary” atly okuw gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmakdan we sanly bilim tehnologiýalarynyň okuw prosesinde netijeli ulanmagyň mümkinçiligini tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri işjeň ýagdaýda gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň birinji gününde Halkara bilermen Çoşanow Myrat Aşyrowiç alyp bardy. Ol öz çykyşynda “Uzak aralyklaýyn okuw näme?” atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Maslahatyň dowamynda halkara bilermeni bilen sorag-jogap alşyldy.
Iş maslahatynyň ikinji gününde “Uzak aralyklaýyn okuwlaryň mazmunyny öwrenmek ylmy” atly tema ara alyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň üçünji gününde “Uzak aralyklaýyn okuwlary guramak üçin gerek bolan enjamlar” atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berildi.
Kerim ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly diplomatiýa hünäriniň magistranty.