30/11/-0001
835
Halkara aýdym-saz güni
2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara aýdym-saz güni mynasybetli Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýörite konsert guraldy. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň aýdym-saz ussatlary çykyş etdiler. Bu konserte Diýarymyzyň aýdym-saz söýüjiler jemgyýetiniň wekilleri tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
ÝUNESKO-nyň Halkara aýdym-saz geňeşiniň başlangyjy bilen döredilen Halkara aýdym-saz güni her ýylyň 1-nji oktýabrynda bütin dünýäde bellenilýär. Bu baýramçylygyň baş maksady aýdym-saz sungatynyň aýawly saklanmagy, dünýäde giňden dabaralanmagy bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, ilkinji Halkara aýdym-saz güni 1975-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirildi.
Humaý MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI