20/03/2026
70
Halkara ähmiýetli ynsanperwerlik
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmenistan bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýar. Daşary ýurtly wekilleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine berýän ýokary bahasy döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Türkmenistan adamzat bähbitli ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä derejesinde dabaralanýan merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlik taglymatlarynyň amaly beýany hökmünde 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda Türkmenistanyň taryhynda täze bir sahypany açdy. Aýratyn bellemeli zat, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu gaznanyň döredilmegine 5 ýyl dolýar. Bedew batly ösüşleriň ýylynda öz ýubileýini belleýän gazna, gysga wagtyň içinde müňlerçe çaganyň saglygyny dikeltmäge we olaryň durmuşyna döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ygtybarly kepiline öwrüldi.
Gaznanyň Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Bu halkymyzyň öz Milli Lideriniň çuňňur ynsanperwerligine, mätäçlere hemaýat bermekdäki asylly göreldesine bolan çuňňur ynamynyň nyşanydyr.
Gaznanyň işi diňe bir maddy goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde birek-birege bolan mähir-muhabbeti we sahawatlylyk ýörelgelerini berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy. Onda her bir howandarlyga mätäç çaga döwletiň we halkyň gyzgyn mährini duýýar. Bu ýerde amaly işleriň ýokary derejede guralmagy we döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy gaznanyň kämil lukmançylyk we guramaçylyk binýadynda döredilendigini görkezýär. Onuň alyp barýan işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde bolman, eýsem, halkara derejesinde hem uly ykrara eýe. Bu Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ählumumy gymmatlyklar bilen kämil derejede utgaşýandygynyň subutnamasydyr. Gaznanyň halkara guramalary, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ýola goýan hyzmatdaşlygy bu ugurdaky strategik ädimleriň esasyny düzýär.
Şu ýylyň ýanwarynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda geçirilen duşuşyk bu hyzmatdaşlygyň täze tapgyra gadam basandygyny görkezdi. Onda diňe bir öňde duran wezipeler däl, eýsem, gazanylan netijeleriň ähmiýeti hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-prezident Oguljahan Atabaýewanyň bu ugurdaky işjeňligi, halkara tejribesini milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmakda bitirýän hyzmatlary gaznanyň abraýynyň halkara derejede artmagyna uly ýardam berýär.
Halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada söz açylanda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini milli ynsanperwerlik mekdebi bilen kämil derejede utgaşdyrýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň özeninde, ilki bilen, tejribe alyşmak we innowasiýalary ornaşdyrmak wezipesi durýar. Gazna daşary ýurtly hünärmenler we abraýly lukmançylyk guramalary bilen yzygiderli maslahatlaşmalary gurap, dünýäniň iň döwrebap bejeriş usullaryny Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerinde ulanmaga giň şertleri döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesindäki innowasiýalar bilen aýakdaş gitmegini üpjün edýär.
Şunuň bilen birlikde, çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň maddy we ruhy zerurlyklaryny doly üpjün etmek boýunça halkara ülňüleriniň berjaý edilmegi gaznanyň alyp barýan köpugurly işiniň binýatlyk ýörelgesidir. Halkara guramalar bilen bilelikde alnyp barylýan ylmy seljermeler, aýratyn-da ÝUNISEF bilen durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar çagalaryň saglygyny berkitmegiň we dikeltmegiň iň netijeli ýollaryny ylmy esasda öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ylmy çemeleşmeler her bir anyk ýagdaý üçin iň amatly çözgüdi tapmaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin strategik maksatnamalary işläp düzmäge ýardam edýär.
Gaznanyň bütindünýä ynsanperwerlik meýdançasyndaky halkara dialogy pugtalandyrmakdaky işjeň orny bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi onuň işiniň diňe bir ýerli ähmiýetli däl, eýsem, bütindünýä çagalar bähbitli hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini görkezýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara abraýy diňe bir lukmançylyk we ynsanperwerlik kömekleri bilen çäklenmän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýäde dabaralandyrmakda hem aýdyň ýüze çykýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyny görkezmek bolar. Bu halkara ykrarnama gaznanyň asylly işleriniň medeni diplomatiýa arkaly doganlyk halklaryň arasyndaky ruhy we medeni gatnaşyklary berkidýändiginiň subutnamasydyr.
Halkymyzyň köpasyrlyk ynsanperwerlik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň sarsmaz binýady hökmünde dünýä bileleşiginde uly ykrarnama eýe bolýar. Muňa mysal edip, Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllyk senesi mynasybetli guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly maslahaty bellemek bolar. Bu halkara forumyň çäginde ýaş nesliň bähbitlerine gönükdirilen tagallalaryň jemgyýetçilik ähmiýeti has-da dabaralandy. Şeýle hem, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly maslahat halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugruny kesgitledi. Guralan bu forumyň barşynda gol çekilen möhüm resminamalar gaznanyň geljekki işleriniň hukuk we halkara binýadyny has-da berkitdi. Şol bir wagtyň özünde, Hazaryň gözel kenarynda gaznanyň täze şahamçasynyň işe başlamagy hem çagalaryň saglygyny berkitmek we dikeltmek ugrunda alnyp barylýan köptaraply işleriň amaly taýdan täze derejä çykýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmen halky taryhyň dowamynda hemişe dostlukly gatnaşyklara, doganlyk kömegine we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolup gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ýörelge döwletimiziň daşary syýasatynyň iň asylly sütünine öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu günki gün diňe bir öz çagalarymyza däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerindäki kömege mätäç çagalara hem hossarlyk ýardamyny berýär. Gaznanyň hereket edip başlan gününden bäri onuň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlaryna iberilýän ynsanperwer kömekleriniň ähmiýeti örän uludyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we ýurduň çagalaryna ugradylan ynsanperwerlik ýüki gazna tarapyndan amala aşyrylýan sogaply işleriň biridir. Şeýle asylly işler diňe bir maddy goldaw bermek bilen çäklenmän, bütin dünýä «Siz ýalňyz däl!» diýen iň mähirli habary ýaýratmak bilen, kynçylyk çekýän adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň geljege bolan ynamyny berkidýän ägirt uly ruhy goldawdyr. Gaznanyň adyndan ynsanperwerlik ýükleriniň taýýarlanylmagy we öz wagtynda degişli ýerlere gowşurylmagy Türkmenistanyň halkara derejesindäki ynsanperwerlik borjuny belent mertebe bilen berjaý edýändigini görkezýär. Bu diňe bir maddy kömek däl-de, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäni parahatçylyga, agzybirlige we birek-birege hemaýat bermäge bolan çakylygydyr.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
Çeşme: