18/11/2026
77
Halk Maslahaty — Berkarar döwletiň demokratik başlangyçlaryny kemala getirmegiň belent nusgasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Bu ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesidir.
Türkmen halky “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimden ugur alyp, gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp, ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hereket edýän halk häkimýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, döwletiň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, has takygy, halk döwlet häkimýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy üçin döredilen binýadyny has-da berkidýär.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilen günlerinde geçirilen ählihalk forumy möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy wakadyr. Halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary onuň düýp esasyny düzýär. Oňa jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri — ýaşulular, dürli pudaklaryň hünärmenleri, zenanlar we ýaşlar gatnaşyp, ýurduň geljegi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Halk Maslahaty — munuň özi agzybirligiň, adalatlylygyň, jebisligiň nyşany bolmak bilen şöhratly pederlerimiziň halk häkimýetlilik baradaky däpleriniň dowamatyna, hakyky halk demokratiýasyna döwletli işlere başlangyçlaryna badalgadyr.
Döwletli işler hemişe adamlaryň kalbyny ýagtyldýar, röwşen geljegini kepillendirýär. Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, taryhy ösüşler bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bütin dünýäde belent mertebä, uly at-abraýa eýe bolan Milli Liderimiziň parasatly taglymatynda halkymyz baradaky aladalaryň ruhy güýji jemlenýär.
Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aç-açanlyk, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem, raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlary kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, häkimýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütler ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sanly ulgamyň ösdürilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, maşgala gymmatlyklarynyň goralmagyna we ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň Watana bolan söýgüsini, zähmete bolan höwesini we geljege bolan ynamyny has-da güýçlendirýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolmak bilen döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilik ýörelgelerine esaslanýan ösüş ýoluny dowam etdirmäge uly goşant goşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerine laýyklykda, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.
Didar HYDYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymy