Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy
    Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy surady
    10/08/2024

    1143

    Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

    Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar. Çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.
    Maksat-meýilleri anyk, takyk kesgitlemek, islendik babatda bolşy ýaly, döwlet durmuşynda-da örän möhüm bolmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde esasy çelgidir. Şunda Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän ählihalk forumy möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary onuň düýp esasyny düzýär.
    Halk Maslahaty — munuň özi, ilkinji nobatda, agzybirligiň, adalatlylygyň, jebisligiň nyşany.
    Halk Maslahaty — şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetlilik baradaky däpleriniň dowamy.
    Halk Maslahaty — hakyky halk demokratiýasy.
    Halk Maslahaty — döwletli işlere başlangyç, badalga.
    Döwletli işler hemişe adamlaryň kalbyny ýagtyldýar, geljegine röwşenlik çaýýar. Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, taryhy ösüşler bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bütin dünýäde belent mertebä, uly at-abraýa eýe bolan Milli Liderimiziň parasatly taglymatynda halkymyz baradaky aladalaryň ruhy güýji jemlenýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
    Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygynyň, milli kanunçylygyň talaplarynyň pugta berjaý edilýändiginiň, yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly mysaly boldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan çuň manyly çykyşy, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm başlangyçlaryň beýan edilmegi demokratiýanyň ýörelgeleriniň ulgamlaýyn durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Golaýda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda geçiriljek umumymilli forum akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň barha rowaçlanýandygynyň ajaýyp beýanyna öwrüler.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanyp, demokratiýany ilerletmek bilen baglylykda, ýurdumyzda raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, dünýä ölçeglerine laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmäge, hukuk taýdan goramaga, syýasy ulgamy ösdürmäge, şeýle-de kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýärler. Munuň özi raýatlarymyzyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagyna, durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagyna oňaýly täsir edýär.
    Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».

    Çeşme : «Nesil» gazeti, 10.08.2024 ý. https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/159165

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI