Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Halal zähmet — ömrüň manysy
    Halal zähmet — ömrüň manysy surady
    07/05/2024

    848

    Halal zähmet — ömrüň manysy

    Ata Watanymyza, halkymyza halal hyzmat etmekde tejribesini, bilimini, zehinini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmaýan ildeşlerimize ýurdumyzda uly sarpa goýulýar. Olaryň durmuş ýolunda ýeten sepgitlerine hemişe mynasyp baha berilýär. Bu hakykat ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanyp geçirilen dabarada-da nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykdy.
    Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda işine hakyky ussat kişileriň döwlet derejesinde hormatlanyp, olaryň zähmetine mynasyp sarpa goýulýandygynyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ussat diplomaty 70 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden mübärekläp iberen Gutlaglarynda bu zenanyň geçen durmuş ýoluna, häzirki wagtda alyp barýan işlerine oňyn baha berilmegi muny ýene bir ýola tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda, hususan-da: «Siz uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýärsiňiz. Siz özüňizi Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ynsan, ussat diplomat, işbaşarjaň, guramaçy, talap ediji ýolbaşçy hökmünde görkezmegi başardyňyz» diýlip bellenilýär. Çykyş edenler şular barada aýdyp, halypanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda zähmet çeken döwründe-de köp ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesini talyplar bilen paýlaşyp, olaryň kämil diplomatlar bolup ýetişmegine ýakyndan ýardam berendigini uly buýsanç bilen nygtadylar.
    Ussat diplomat Çynar Rustemowa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň iberen gutlag hatlarynyň, gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy has-da täsirli boldy. Ussat diplomata Daşary işler ministrliginiň, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň adyndan hem sowgatlar gowşuryldy. Şol pursatlarda gahryman zenana ýurdumyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny, halkara ähmiýetli başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edildi.
    — Biziň ýurdumyzda zähmete elmydama ýokary baha berilýär. Watanyň bähbidine halal zähmet çekýänleriň hemmesine döwletimiz tarapyndan uly hormat-sarpa goýulýar. Ine, bu gün şolaryň hatarynda özümiň hem bolmagym başymy göge ýetirýär. Munuň özi diňe bir maňa däl-de, eýsem, ähli türkmen diplomatlarynyň geçen ýoluna, bitirýän işlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen dabarada geljekde ýene-de Watanymyza wepaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň syýasatyna ygrarly, ýaşlara görelde mekdebi bolup zähmet çekmäge ep-esli güýç hem-de hyjuw topladym. Munuň özi, ilkinji nobatda, diplomat, syýasatçy, terbiýeçi, mugallym hökmünde jogapkärli wezipeleri öňümde goýýar. Bu pursatlar, elbetde, her bir ynsanyň kalbynda Watanyna, halkyna, döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallygy artdyrýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň geçen zähmet hem durmuş ýoly biziň üçin ägirt uly nusgalyk mekdepdir, göreldedir. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplaryna öz işimizde ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Ýaş nesilleriň hemmesi, goý, diplomat bolsun, isle başga hünär eýeleri tapawudy ýok, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň durmuş ýörelgelerine laýyklykda ýaşamagy başarmaly. Ula hormat goýmak, kiçini sylamak, milli däplerimizi öwrenmek we öwretmek, ata-enäni sylamak, özüňe bildirilen ynama mynasyp jogap bermek, okuwyň, bilimiň, gujur-gaýratyň, başarnygyň bilen Watanyň öňündäki borjuňy berjaý etmek hemişe üstünlige ýetirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasatyndan ugur alyp, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýäris.
    Ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hemişe ak ýürekden, wepaly gulluk etmek türkmen diplomatlarynyň baş maksadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, türkmen halky, tutuş adamzadyň ajaýyp geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! — diýip, halypa diplomatymyz buýsançly ýürek sözüni paýlaşdy.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

    Çeşme: Türkmenistan. - 7.05.2024 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI