23/12/2023
1458
Halal zähmet — bagtyýar durmuş
Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Korrupsiýa garşy göreşmek jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Şeýlelikde, ýurdumyzda parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmegiň ýörite döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar. Onuň esasy maksady jemgyýetimizde korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen aýyrmakdan ybarat bolup durýandyr.
2003-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Korrupsiýa garşy göreş hakynda Konwensiýasy kabul edildi. Şeýle hem, korrupsiýa meselesine we Konwensiýanyň korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşdäki ornuna has çuňňur düşünmek üçin her ýylyň 9-njy dekabryny “Halkara Korrupsiýa garşy göreş güni” hökmünde bellenilmelidigi barada aýdyldy. Şu ýyl hem, 2023-nji ýylda BMG-niň Korrupsiýa garşy konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bellenilip geçirilip, bu gün ýaramaz nogsana garşy göreşde täsirli gural hökmünde çykyş edýär.
Häzirki döwürde korrupsiýa garşy göreşi alyp barmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Korrupsiýanyň durnukly ösüşe wehim salýan päsgelçilikleriň biri bolup, bu ýaramaz nogsany düýbünden aradan aýyrmak boýunça ýurdumyzda halkara derejesindäki tejribelere, özara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, bu babatda Türkmenistan birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryna, şol sanda, BMG-niň Korrupsiýa garşy konwensiýasyna gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Korrupsiýanyň öňüni almak, ony ýok etmek we agzalan Konwensiýanyň kadalarynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde netijeli tejribeler gazanylandygy aýdyldy. Olaryň arasynda Korrupsiýa garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini, Türkmenistandaky korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň hem-de ony ýerine ýetirmegiň 2020 – 2024 - nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklaýandygyny bellemek bolýar.
Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Çünki dünýäde halal zähmet çekip, ak ýürekliligi bilen ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr. Biziň her birimiziň şeýle asylly ýörelgä eýermek bilen, halallygyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ýagty geljegiň, bagtyýarlygyň dowamat bolmagynyň hatyrasyna gadamlarymyz barha batlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar, asylly zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli we halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Muhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI