21/05/2024
776
Hakyky diplomat, görnükli alym we ussat mugallym
Professor Amangeldi Rahmanowyň
doglan gününiň 80, diplomatik işiniň 50,
halkara ylmy işiniň 58 ýyllygyna
(Gysgaça awtor – ýubilýar barada)
Türkmen diplomatiýasynyň taryhynda diplomatik gullugyň emele gelmeginde we kämilleşmeginde, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalary, aýratyn hem, Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Respublikasy, dünýäde iň iri we täsirli halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ýola goýmakda, ösdürmekde, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň döredilmeginde we onuň abraýynyň ýokarlanmagynda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, diplomatiýasynyň we halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleriniň ylmy taýdan işlenilmeginde Amangeldi Rahmanowa aýratyn orun degişlidir. Bu görnükli diplomat, halkaraçy-alym we ussat mugallym Türkmenistanyň halkara abraýynyň artdyrmagyna özüniň ägirt uly goşandyny goşdy.
2024-nji ýylyň 25-nji iýulynda halypa diplomat Amangeldi Rahmanowyň doglan gününe 80 ýyl, diplomatik işine 50, halkara ylmy işine 58 ýyl dolýar. Şol döwrüň 16 ýylynyň dowamynda (1975 — 1991ý.ý.) A.Rahmanow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary, ministriň orunbasary wezipelerinde işledi, başga sözler bilen aýtsak, şol döwürde ol Türkmen Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň baştutanynyň wezipelerini «de facto»-da ýerine ýetirdi. 14 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda (ABŞ, Nýu-Ýork), Hytaý Halk Respublikasynda (Pekin), Koreýa Respublikasynda (Seul) Türkmenistana wekilçilik etdi. 16 ýyldan bäri TDIM-iň HGI-de kafedra müdiri wezipesinde işläp gelýär.
Amaly diplomatiýanyň we onuň ylmynyň ýolunda A.Rahmanow filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ussat diplomaty, SSSR-iň we Bitarap Türkmenistanyň Prezidentleri tarapyndan ömürlik dakylan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekil (1991), Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi (1993) ýaly, iň ýokary ylmy we diplomatik derejelere, atlara, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite baýragyna, Diplomyna we medalyna (2023) eýe boldy.
Amangeldi Rahmanowyň galamyna halkara gatnaşyklaryň, daşary syýasatyň we diplomatiýanyň düýpli meselelerine bagyşlanan 250-ä golaý ylmy iş, şol sanda 20-den gowrak monografiýa, okuw kitaplary, gollanmalar we kitapçalar degişlidir.
Türkmenistan Watanymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin türkmen diplomatlarynyň halypasy Amangeldi Rahmanow ençeme döwlet sylaglaryna — «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996), «Gaýrat» (1999), «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» (2011), «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» (2016), «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» (2020), «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» (2021) medallaryna, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşanyna (2023), Owganystan Yslam Respublikasynyň medallaryna (1988, 1990) mynasyp boldy.
Şol döwlet sylaglarynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ilkinji weterany «Amangeldi Rahmanow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda halal, yhlasly we göreldeli zähmet çekdi»; «Ýokary hünär ussatlygyny görkezdi»; «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny berkitmäge uly şahsy goşant goşdy»; «Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ajaýyp üstünlikler gazandy»; «Garaşsyz Döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde aýratyn hyzmatlary bitirdi» diýen ýaly ýazgylar bilen häsiýetlendirildi.
Halypa diplomat Amangeldi Rahmanow diňe bir TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň geljekki ýaş diplomatlarynyň we mugallymlarynyň däl, eýsem, tutuş türkmen diplomatlarynyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýar. Şonuň üçin halypa barada onuň kärdeşleriniň, şägirtleriniň käbirleriniň oý-pikirleri bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek.
TDIM-iň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy, sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öwez Berdiýewiç Muhammetberdiýew:
— Amangeldi Rahmanow meniň üçin nusgalyk ynsan, ussat diplomat, tanymal alym, pedagog hem halypa hökmünde baky görelde bolup durýar. Inçe akyl, mylaýym gylyk, akyla sygmajak zähmete ukyplylyk, kiçigöwünlilik mahsus bolan halypamy onuň doglan gününiň 80 ýyllygy, halkara, diplomatik we ylmy işiniň 58 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, men bu beýik ynsana tut ýaly jan saglyk, uzak ömür, sözüň giň manysynda uly bagt arzuw edýärin.
Известный журналист Туркменистана Aлександр Байрыев:
— Амангельды Рахманова – этого Наставника всех преподавателей и студентов института международных отношений МИДТ-на знают специалисты не только Туркменистана, но и многих других государств, признавая его как блестящего дипломата и профессионала высокого уровня.
Чрезвычайный и Полномочный Посол Туркменистана, преподаватель ИМО МИД Туркменистана, Сапар Бердиныязов:
— Амангельды Рахмановым я вместе учился на факультете иностранных языков ТГУ им. Махтумкули, а затем посчастливилось с ним работать бок-о бок, когда он занимал высокие должности в системе МИД Туркменистана.
Амангельды Рахманович — глубоко эрудированный человек, ему присущь аналитический склад ума, он хороший и изящний собеседник. В работе целененаправленно применяет дипломатическую технологию и профессионально использует дипломатическую терминологию, что свидетельствует о его профессионализме и высоком образовательном уровне.
Амангельды Рахманович в совершенстве знает английский, русский, турецкий языки, может вести непринужденную беседу на китайском. Он также прекрасно владеет ораторским искусством. Его высочайший профессионализм позволяет ему свободно выступать перед любой иностранной аудиторией по вопросам внешней политики, дипломатии и международных отношений.
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, TDIM-iň HGI-iň mugallymy, teh.y.k., dosent Çary Nyýazow:
— Maňa türkmen diplomatlarynyň kerwenbaşysy Amangeldi Rahmanowyň ýolbaşçylygynda TDIM-iň ulgamynda dürli döwürlerde (XX asyryň 80-nji ýyllarynda, XXI asyryň ikinji onýyllygynyň aýagynda we üçünji onýyllygynyň dowamynda) işlemek miýesser etdi.
A.Rahmanow diňe bir naýbaşy diplomat däl, şeýle hem ol uly diplomat-guramaçy, diplomat-alym, diplomat-mugallym. Halypam Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň emele gelmegine we kämilleşmegine özüniň tapylgysyz şahsy goşandyny goşan hakyky professional şahsyýetdir.
Professor A.Rahmanowyň köptaraplaýyn döredijiligi tutuşlygyna nusgawy häsiýete eýedir we biz — diplomatlar halypamyzy hemişe alada bilen gurşap almalydyrys.
(Dowamy bar).
Sahypany taýýarlan:
Ajaýyp NOBATOWA,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazeti – 20.05.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-14-97_3009
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI