02/11/2024
1457
Gurluşyk we senagat toplumy: oňyn özgertmeler, batly gadamlar (Ýaş žurnalistiň sözi)
Täze taryhy döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda, täze belentliklere ýetirmekde hem-de toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda kuwwaty 70 megawat bolan iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi iň täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň hataryndan orun aldy. Şeýle taryhy wakalara beslenen günde — her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibiň öňe sürülmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlamagy toý ruhubelentligini döretdi.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sebitde ýerleşýän kärhanalarynda işleýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi bina ediler.
Gurluşyk we senagat toplumynda täze önümçilikleriň döredilmegi milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm görkezijisidir. 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris» diýip, bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk-senagat toplumyny netijeli ösdürmek iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy wezipeleriniň biridir.
Ata Watanymyzda innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň mümkinçiligi her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge deň bolan ikinji tapgyrlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky aýgytly ädim boldy. Senagat düzüminiň täze desgalarynyň açylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarydyr. Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagy bolsa innowasion önümçilikleriň ýola goýlup, täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli dowam etdirilýär. Täsin binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän bu döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berler. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täzeçil şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi hem-de halkara sylaglaryň 20-den gowragyna mynasyp boldy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen maglumatlara görä, şu ýylyň dokuz aýynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Ýylyň başyndan bäri Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 302 million manada deň boldy. Bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň ýokary kuwwatyny alamatlandyrýar.
Jemläp aýdanymyzda, ýurdumyzda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk we senagat toplumynyň möhüm orny bolup, bu meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ýokary jogapkärçilikli çemeleşilýär. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, parahatçylykly ösüş ýoluny bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 02.11.2024 ý. https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/169463
Soňky täzelikler
11/12/2024
INTERNATIONAL HUMAN RIGHTS DAY10/12/2024
«Hakyda göwheri» ― milli mirasyň buýsanjy