83
GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ukrainanyň Diplomatik akademiýasynyň, T.Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň maksady bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Onda çykyş eden ukrain wekilleri Ukrainadaky ýokary okuw mekdepleriniň gurluşy we olaryň işi, şol sanda halkara bilimini ösdürmek, şeýle hem okuw prosesini guramagyň aýratynlyklary, okuw mekdepleriniň işiniň esasy ýörelgeleri we halkara maksatnamalary barada aýdyp, bu ugurda birnäçe daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga ünsüň berilýändigini belledi.
Şeýle-de çykyş edenler Türkmenistan Ukraina üçin hemişe strategik hyzmatdaş, ygtybarly we ynamly dost bolup gelýär. Ukrain halky Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary hemmetaraplaýyn goldaýar. Şol başlangyçlar sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň sütünlerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Olaryň hatarynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda başlangyç hem bar. Bu başlangyjyň giňden goldanylmagy türkmen tarapynyň öňe sürýän durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmegiň zerurlygynyň aýdyň subutnamasydyr – diýip, aýratyn bellediler.
Duşuşyk türkmen-ukrain bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini has-da giňeldip, iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklaryň möhüm we netijeli ugurlaryny kesgitleýär. Onuň dowamynda taraplar häzirki zaman bilimleri we tejribe alyşmak, medeniýetara aragatnaşygy guramak we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada hem pikir alyşdylar.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.