1689
Gepatit keseline garşy Bütindünýä göreş güni
Soňky 13 ýylyň dowamynda Bütindünýä gepatit keseline garşy göreş bileleşiginiň öňe sürmegi bilen we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSSG) tarapyndan tassyklanan gepatit keseline garşy Bütindünýä göreş güni her ýyl bellenilip geçirilýär. Bu senäniň bellenilip geçirilmeginiň baş maksady gepatitiň dürli görnüşleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsirleri barada habarly raýatlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ilkinji gezek gepatit keseline garşy bütindünýä göreş güni 2008-nji ýylyň 19-njy maýynda bellenilip geçildi.
2011-nji ýylda bu çäräniň bellenilýän senesini BSSG-niň wekilleri tarapyndan 1964-nji ýylda gepatitiň B görnüşiniň wirusyny açan, 1967-nji ýylda bolsa wirusyň barlagyny we oňa garşy sanjymy oýlap tapan görnükli amerikan lukman we alym Baruh Samuel Blambergiň hatyrasyna 28-nji iýula geçirildi.
Gepatit – wirus gelip çykyşly bagryň sowuklama keseli. Wirusly gepatitiň esasy 5 görnüşi bar – A, B, C, D we E. Wirusly gepatitiň geçiş ýoly onuň görnüşine bagly bolup durýar.
Gepatit A – esasan zäherlenen iýmitleriň, suwuň we şol kesel bilen kesellän näsag bilen göni aragatnaşykda bolnan halatda geçip bilýär.
Gepatit B – perinatal döwürde şol wirus bilen kesellän eneden çaga, şeýle-de wirusly gan bilen ýa-da beýleki biologiki suwuklyklar bilen galtaşykda bolnan halatynda geçip bilýär.
Gepatit C – gan üsti bilen geçýän wirus bolup, ýokançly ganyň az mukdary bilen galtaşykda bolan adama geçip bilýär.
Gepatit D - geçiş ýoly gepatit B görnüşiniňki ýaly we onuň köpelmegi üçin wirusly gepatitiň B görnüşi hökmany bolup durýar. Gepatit E – esasan hapalanan suwuň üsti bilen fekal-agyz ýoly bilen geçip bilýär. Gepatit keseline garşy bütindünýä göreş güni BSSG-sy tarapyndan 28-nji iýulda ýörite bellenip geçilmegi bu keseliň adamzat saglygy üçin örän howplulygy, şeýle-de bu keseliň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreleriň çäksiz ulydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şol sanda hem biziň döwletimizde Hormatly Arkadagymyzyň tagallalary bilen milli sanjym tertibi esasynda täze doglan bäbeklere 24 sagadyň dowamynda we 2,3,4 aýlyklarda beýleki ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlar bilen bir hatarda wirusly gepatitiň B görnüşine garşy we 18 aýlyk çagalara bolsa wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar edilýär.
Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI