Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Geňeşli ýerde kemlik ýok
    Geňeşli ýerde kemlik ýok surady
    23/08/2023

    1095

    Geňeşli ýerde kemlik ýok

    Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy şöhratlandyrjak ählihalk maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyryna badalga berjek şanly gün hökmünde taryhy ähmiýete eýedir.

    Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde öňe çykýar. Çünki türkmen halkynyň ozaldan gelýän däpleriniň iň naýbaşysy halk bilen, ýaşulular bilen maslahatlaşyp, möhüm meseleleri çözmekdir. Bu däp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. Her ýyl geçirilýän ählihalk maslahaty döwleti edara etmäge halky çekmekligiň möhüm usullarynyň biridir.

    Aslynda, biziň halkymyzyň zandynda öz döwletine, onuň alyp barýan syýasatyna, maksadyna, döwlet Baştutanymyzyň aýdan her bir sözüne berk, şek-şübhesiz ynam bar. Bu döwletlilikden nyşan. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleri bolan döwletimiz her iş etse, diňe halkyň bähbidine edýär. Şonuň üçin halkymyz ýurdumyzyň, nesilleriň abadan geljegini kepillendirýändigini nazara alyp, döwlet syýasatymyzyň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän resminamalaryň durmuşa ornaşdyrylyşynda sazlaşygyň gazanylmagyna goşulmagy döwletlilik hasap edýär. Galyberse-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýamyzyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.

    Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek, milli, medeni we ruhy mirasymyza daýanmak bilen Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň 18-nji iýulynda Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan wezipeler hem aýdyň tassyklaýar. Mejlisiň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

    Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şol mejlisde kabul eden «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karary milli demokratiýanyň döwrebap görnüşinde amala aşyrylmagynyň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Bu resminamanyň esasy maksady, ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

    Milli däplerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem doly şaýatlyk edýär.

    Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy üçin döredilen binýady has-da berkider. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde bu ählihalk forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz işlere gatnaşmak, onuň netijeli we üstünlikli geçmegine goşant goşmak, her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.

    Jemile PÜRJÄÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    “Türkmen dünýäsi” gazeti 23.08.2023
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/12/articles/116096

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI