
26
GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY
Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr. Bu gezekki Halk Maslahtynyň mejlisiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegi her bir türkmenistanlynyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini nygtap, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Biz dünýä bileleşigi bilen umumadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine daýanýan gatnaşyklary alyp barýarys. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşi bolsa Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludyr. Biz hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesini meýilleşdirdik».
Jemgyýetçilik ösüşi Halk Maslahatynyň hemişe üns merkezinde bolupdy we şeýle bolmagynda galýar, bu meselä hemişe uly üns berilýär, çünki hut şu mesele adamlaryň üstünliklerini we maddy hal-ýagdaýyny gönüden-göni üpjün edýär. Halk Maslahatynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýan ähli durmuş-ykdysady maksatnamalarda we resminamalarda 2030-njy ýyla çenli ösüşiň şu üç sütüni, ýagny ykdysadyýet, ýaşaýyş-durmuş we ekologiýa üns merkezinde boljakdygy ikiuçsuzdyr. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara goşmak we uýgunlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, munuň netijesinde bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar. Bu iş durmuş syýasaty we adam mümkinçiliginiň ösmegi, abadançylygyň ýokarlandyrylmagy we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Ýurdumyzyň ilatynyň ýokary derejede durmuş taýdan goragyny üpjün etmek ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolmagynda galýar. Býujet serişdeleriniň agramly bölegi ýaşaýyş-durmuş üpjünçilige ugrukdyrylýar, bu hem ilatyň aladalaryna üns berilýändigine şaýatlyk edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek boýunça meýilnamalaýyn durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde täze iş ýerleri döredilýär, halkyň durmuş taýdan goragy üpjün edilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça milli hem döwlet maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Bu işiň oňyn netijeleri sebit we halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi berýän iri göwrümli taslamalarda aýdyň görkezilýär. Amatly tebigy we ykdysady şertler, daşary ýurtly maýadarlar üçin ýeňillikler we artykmaçlyklar ýurt üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty hem adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Halk Maslahatynyň häzirki wagtda alyp barýan işleri ýurdumyzyň ýokary derejede durmuş-ykdysady ösüşiniň täze, kämil mehanizmlerini döretmäge, bu işi netijeli dolandyrmaga, kanun çykaryjy we hukuk goldawyna we ýerine ýetiriji guramalaryň guramaçylyk esaslaryna gönükdirilendir. Munuň esasy maksady bolsa ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmek we her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekdir.
Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Bu gezekki Halk Maslahatynyň mejlisinde hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeler kesgitleniler. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyz, gujur-gaýratymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirildi. Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar» diýip belläp geçdi. Şunda döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak däplerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit soraglary boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylaryň geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmäge, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berler. Şoňa görä-de, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipler taýýarlanylar.
Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli soraglar boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hormatly Prezidentimize degişli hasabatlary we maglumatlary bermek, şol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky hem-de geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan maglumatlary, şol maglumatlar esasynda taýýarlanan teklipleri gysga wagtda işläp düzüp, olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermegi tabşyrdy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işlerine ünsi çekdi.
Bilşimiz ýaly, Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary geçirdiler. Şeýle-de welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamak, onuň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirdiler. Bu bolsa, elbetde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda esas bolup hyzmat eder.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
_1758169500.webp)
18/09/2025
HALK HÄKIMIÝETINIŇ AÝDYŇ NUSGASY