30/11/-0001
843
Gender deňligi – ösüşiň esasy açary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz gün saýyn ösýär, özgerýär, ösüşleriň täze belentliklerine tarap gadam basýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkara giňişliginde ata Watanymyzyň abraýyny arşa çykarmak Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan hem gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda her bir raýatyň, hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deň derejede berjaý edilmeginiň özeni bolup durýar.
Diýarymyzda aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek boýunça yzygiderli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär, täze kanunlardyr namalar kabul edilýär. Muňa mysal hökmünde 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Her bir raýatyň jynsyna garamazdan deň hukuklara we borçlara eýedigi ýurdumyzyň esasy Kanunynyň 29-njy maddasynda hem öz beýanyny tapdy.
Mundan başga-da Türkmenistanyň 2022 — 2024-nji ýyllar aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (“BMG – Zenanlar”) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň bu meselä has ünsli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Belli bolşy ýaly, “BMG – Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasydyr. Bu edara zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça dürli işler bilen meşgullanýan ähli edaralaryň işini sazlamak maksady bilen 2010-njy ýylda döredilendir. Türkmenistanyň bu edaranyň agzalygyna kabul edilmegi, ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işlerine zenanlaryň öz goşantlaryny goşmaga bolan mümkinçiliklerini has-da giňeltdi.
Ata Watanymyzda zenan sarpasy belentde tutulyp, döwletimizde bu ugur bilen baglanyşykly birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda adam hukuklarynyň doly derejede berjaý edilmegini ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlykara beslensin!
Azym ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/12/2024
ÝAŞ TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇŞI