30/11/-0001
589
Garaşsyzlyk ýyllarynda: Milli ykdysadyýet ösüşiň täze ýoly bilen
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny göwün ganatyna deňeýän türkmen halkymyz, özüniň asyrlar boýy arzuwlap ýeten agzybirliginiň, jebisliginiň mukaddes toýuny toýlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatlarynyň saýasynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler barmak basyp sanardan gaty kän. Mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň ähli ösüş-özgerişlerimiziň, beýik şöhrata beslenen üstünliklerimiziň berk binýadydyr. Garaşsyzlyk türkmeniň buýsançly bagt bulagydyr.
Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk menzili. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soňra biz döwlet nyşanlarymyzy — Döwlet baýdagymyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy döretdik. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyzy dikeltdik». 1991-nji ýylda, ýagny üçünji müňýyllygyň öň ýanynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmeler badalga aldy. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Muny ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, senagat, gurluşyk, oba hojalygy ulgamlarynda, medeniýetde, daşary syýasatda gazanylýan ägirt uly ösüşler aýdyň subut edýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewiň agyr atletika boýunça birnäçe gezek ýewropa we dünýä çempionatlarynda altyn medala, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Polina Gurýewanyň Tokioda olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna eýe bolmagyny muňa mysal görkezmek bolar. Yzygiderli gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň, giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna we belent abraýyna eýe boldy. Jemgyýetimiziň günsaýyn kämillige tarap özgermegi, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyň alnyp barylmagy — bularyň ählisi parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, howpsuzlygyň hem-de umumadamzat hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoly bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň miweleridir. Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 66,6 göterimi, ýagny 140 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2891-si ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyny nazara almanyňda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 70 göterime ýetdi. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime barabar boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň şu ýylyň maý aýynda «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen bolan söhbetdeşliginde, «Garaşsyzlyk türkmen halky üçin nämäni aňladýar?» diýen sowal žurnalistiň ilkinji beren sowaly boldy. Döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyzlygyň ähmiýeti barada aýdylanda, oňa soňky bir asyra golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň taryhy ösüşi nukdaýnazaryndan garamagy teklip edýärin. Şu pikirden ugur almak bilen, men Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň onuň gadymy taryhynyň dowamat bolandygyna ynanýaryn. Türkmenler, aslynda, döwlet gurujy halkdyr. Olar irki orta asyr döwründen başlap, birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýada, Ýakyn hem-de Orta Gündogarda birnäçe döwletleri döredip, olary kemala getirdiler. Munuň şeýledigine köp sanly taryhy maglumatlar we resminamalar şaýatlyk edýär. Şonuň üçin men 1991-nji ýyl şanly ýyllaryň biri diýilse, dogry bolar diýip pikir edýärin. Çünki şol ýyldan başlap, türkmen halky garaşsyz ösüşiniň ýoluna gaýdyp geldi. Biziň halkymyz gaýtadan içerki daýanç sütünine eýe bolup, döwlet Garaşsyzlygynyň şertlerinde öz durmuşynyň many-mazmunyna we taryhy geljegine göz ýetirdi». Hawa, hakykatdanam ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Sözüň doly manysynda aýdanymyzda, aslynda 30 ýyl taryhy nukdaýnazardan seredenimizde örän ujypsyzja wagt. Meselem, ummasyz deňziň birje damjasy ýaly. Ýöne biziň ýurdumyzdaky bitirilen işler, ýetilen belent sepgitler asyrlara barabar boldy. Şol jähetden, Watanymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Netijede, bu gün dünýä syýasatynda ykrar edilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwleti bar, ol halkara meseleler babatda öz pikirini aýdyp, oňyn teklipleri öňe sürýär. Döwletimiz dünýäniň sebitlerinde ýüze çykyp duran gapma-garşylyklary we düşünişmezlikleri harby güýç ulanmak bilen däl-de, gepleşikler arkaly, parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Şu jähetden hem, türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Muňa Döwletimiziň teklibine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi aňdyň şaýatlyk edýär. Bu barada milli Liderimiz: «Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýar» diýip düşündirýär.
«Türkmenler, aslynda, döwlet gurujy halkdyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzdan galan gurmak-döretmek däbine eýerip, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek bilen bagly ägirt uly gurluşyk taslamalary durmuşa geçirdi. Öňler ýurdumyzda döwrebap, ähli amatlyklary bolan binalaryň açylyş dabaralary örän seýrek bolardy. Indi welin, başy bulutlar bilen bäsleşýän, gündizlerine Gün şöhlesine öwşün, gijelerine Aý nuruna owsun atýan ajaýyp desgalaryň täze toplumlary, birgiden şäherleşen obalar, şäherçeler yzly-yzyna peýda bolup başlady. Bu babatdaky asylly işlere — «Aşgabat siti» megataslamasynyň özi hem aýdyň mysal bolup biler. Döwlet Baştutanymyzyň saýasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýyl hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe ugur boýunça 11 gezek girizilen paýtagtymyzyň taryhy we onuň ajaýyplyklary bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýar. Bu işleriň ählisi döwletiň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan, ýurt Garaşsyzlygynyň bagt bulagydygyndan habar berýär. Wagt geçdikçe döwür üýtgeýär, adamlaryň isleg-höwesleri barha artýar. Biz bolsa şu bagtyýar zamanada ýaşaýandygymyz üçin hem arzuw-isleglerimiziň ählisine amala aşaýmaly maksat hökmünde seretmegi endige öwrüpdiris. Asyl bolmalysam şeýle ýaly. Çünki biz arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde ýaşap ýörüs. Ýöne welin syýasy-jemgyýetçilik taýdan yzygiderli üýtgäp duran dünýäde şeýle işleriň aňsat däldigini, hatda käbir ýagdaýlarda düýbünden amala aşman galýanyny zaman bize subut ede-ede gelýär. Ine, bu bolsa hemmämiziň guwanmaly tarapymyz, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize ýapan serpaýy, milli Liderimiziň türkmen halkynyň bol-elin, eşreti-sapaly durmuşy hakyndaky aladalarynyň netijesi. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň we gazanýan üstünliklerimiziň, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr!» diýip belleýär. Çünki Garaşsyzlygy gazanmak bilen biz özbaşdak döwlete hem-de şeýle ajaýyp eşretli zamana eýe bolduk. Bular bolsa şöhratly halkymyzyň we Türkmenistan döwletimiziň gazanýan ähli beýik ösüşleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýandygyna doly güwä geçýär.
Ýurtda häzir bolup geçýän her bir wakany, hadysany däl, eýsem geljegi nazarlaýan, eşretli ertirlere gol uzadýan milli we döwlet maksatnamalaryny işläp düzmek, «Meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, Watany üçin gijesini gündiz edip zähmet çekmek, diňe ulus-iliň uly ynam bildiren Arkadagyna mahsus bolan Liderlik häsiýetdir. Metaforalaşdyryp aýdanymyzda, ýurdumyz şu geçilen 30 ýyllyk ýoluň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty, taryhy özgertmeleri esasynda, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň netijesinde gülläp ösdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysadyýet ulgamynyň kuwwaty güýçlenip, belent derejelere, beýik sepgitlere çykmagy başardy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we ony ähli ulgamlara ornaşdyrmak üstünlikli dowam etdirilýär. Bu işleriň kanunçylyk binýady yzygiderli berkidilip, olar maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem doly güwä geçýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Kanunlaryna, Prezident maksatnamasyna, sanly ykdysadyýeti we sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Munuň özi resminamanyň çäklerinde geçiriljek özgertmeleriň giň gerime eýe boljakdygyndan habar berýär hem-de Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Bu babatdaky möhüm başlangyçlar milli Liderimiziň ykdysadyýetimizi ýokary hilli iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegi strategik ähmiýete eýe bolmagy bilen gözbaş aldy. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» gol çekmegi hem aýdyň subutnamadyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýet Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu resminama laýyklykda halk hojalygynyň pudaklarynyň köp bölegi sanlylaşdyryldy. Sanly reformany ýerine ýetirmekde degişli işler yzygiderli alnyp barylyp, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, döwrebap önümçilikler ýola goýulyp, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda, ylmy siňňitli önümçilikde uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, dünýä möçberinde mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berýär.
Durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagynda, esasanam, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň we bu ulgamda sanlylaşdyrmak işiniň ýokary depginler bilen amala aşyrylmagynyň, ilkinji milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi, ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil derejesiniň ýokarylygynyň üpjün edilmegine, Watanymyzda durmuşa geçirilýän üstünlikli özgertmeleri we gazanylýan belent ösüşleri ýedi yklyma ýaýmaga öz täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda amala aşyrylýan sanlylaşdyrmak işi oba hojalyk toplumynda hem özüniň üstünlikli netijelerini görkezýär. Janypkeş halkymyzyň zähmet öndürijiliginiň döwrebap dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylmagy, iň kämil tehnologiýalaryň satyn alynmagy we oba hojalyk toplumynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagynyň esasynda Watanymyzyň ähli künjeklerinde azyk howpsuzlygy doly derejede üpjün edilýär. Ekerançylykda we maldarçylykda täzeçe usullaryň ulanylmagy köp sanly işleri ýeňilleşdirýär. Bu bolsa, çig malyň özeni bolan oba hojalyk pudagynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň köpüsiniň gurulmagyna we onuň çäklerinde sanly ulgamyň kemala getirilmegine giň mümkinçilikler döretdi.
Ýurdumyzda sanly hyzmatlaryň giňden ornaşdyrylmagy sanly reformanyň netijeli görkezijisi hasaplasak ýalňyş bolmaz. Amatly, ýeňilleşdirilen, ösen hyzmatlaryň döredilmegi häzirki zaman jemgyýetiň iň wajyp talaby bolup durýar. Şu jähetden sanly ykdysadyýetiň döwletimizde ösdürilmegi, bu talaby üpjün etmäge ýakyndan şert döretdi. Häzirki wagtda halkymyza hödürlenýän sanly hyzmatlar ähli pudaklarda-da deň derejede alnyp barylýar. Ilatyň durmuş hajatlary üçin amala aşyrýan onlaýn söwda gatnaşyklary we nagt däl töleg hasaplaşyklary muny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Sanly ulgamyň milli önümçilik kuwwatlyklarymyzyň artmagynda-da täsiri örän ýokarydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen senagat kärhanalaryna döwrebap önümçilik tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy pudagyň ösmegine täze mümkinçilikleri döretdi. Innowasion tehnologiýalary esasynda önümçilik prosesine monitoringiň ýola goýulmagy milli önümlerimiziň mukdarynyň we görnüşleriniň artmagynda uly ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, önümçilik kuwwatlyklarymyz hem ýokary derejede artdyrylýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanlary bilen milli önümlerimiz dünýä bazarlaryna köp mukdarda eksport edilmegi örän buýsandyryjydyr. Şunuň esasynda hem, Garaşsyzlyk ýyllary içinde jemi içerki önümiň möçberi has-da ýokarlandy. Maglumatlara salgylanyp aýtsak, jemi içerki önüminiň ösüş depgininde ýurdumyz dünýä boýunça sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň berýän statistikasyna görä, döwletimiz dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Muny dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan ýurdumyzda 2021-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi içerki önümiň 6,1 göterim ýokarlanmagy hem doly tassyklaýar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 6-njy awgustdaky Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda bu aýdylanlar hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy. Forumyň gün tertibine ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň we ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi. Onuň Türkmenistanda geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň we döwlet Baştutanymyzyň sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşmagy hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde taryhy waka boldy. Bu bolsa uzak möhletli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýär. Ýewraziýa giňişliginde GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady geňeşi ýaly döwletara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklar babatda ýurdumyzyň alyp barýan ugruna hem kybap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan syýasy nukdaýnazardan parahatçylyk we ylalaşdyryjylyk merkezi, ykdysady nukdaýnazardan işjeň senagatlaşýan, çig mal gorlaryna baý mekan, medeni-ruhy nukdaýnazardan sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, milliligiň sarpalanýan ýurdy hökmünde dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Ýurt üçin ähli jogapkärçiligi, ony üçünji müňýyllygyň siwilizasiýasynyň gazananlarynyň hil taýdan täze derejesine çykarmagy öz üstüne alan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ulusyň aladasyna, umumadamzat bähbitlerine ýugrulan asylly işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, halkyň çüwen ykbalyna bagt çaýan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk toýy mübärek bolsun!
Ogulnur PIRJIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby,
«Nesil» gazetiniň uly habarçysy.