653
GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJYDYR
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar halky şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan her bir günümizi üstünlige besleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her bir işde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde alyp barýan ägirt uly işlerine, gazanylýan üstünliklere guwanýarys. Döwletimiziň häzirki ösüş tapgyrynda ýurdumyzda düýpli gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy, ýerli gurluşyk materiýallaryny we oba hojalygy üçin mineral dökünleri öndürmek we olar bilen üpjün etmek meselesi dessine çözülmäge degişli bolup, munuň oňyn çözülmegi ykdysady ösüşimizi kämilleşdirmäge ýardam eder. hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen parasatly ýörelgä esaslanýan, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň barha rowaçlanmagy netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty günsaýyn artyp, halkara abraý mertebesi barha pugtalanýar. Mukaddeslik diýlende, ilki bilen, Watan, öý ojak, maşgala ýaly jemlenen düşünjeler hakydaňa gelýär. Şu mukaddesliklere çyrag bolýan esasy zat bolsa, halkymyzyň Garaşsyzlygy bolup durýar. “Garaşsyzlyk” diýen düşünjäniň çuňlugyna ata babalarymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda eden arzuwy bilen kesgitläp bilýär.
Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ornuny pugtalandyrdy. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde ylym bilimiň yzygiderli kämilleşdirmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňe çykarýar. Türkmenistan döwletimizde ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde baý tejribe toplanyldy. Türkmen Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan beýik işler, ýetilen ösüşler asyrlara barabarlykdyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerini dünýä aýan etmäge mümkinçilik gazandy.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň belleýşi ýaly: “Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Gözel paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde arassa agyz suwy zawodlary, häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş, anyklaýyş bejeriş merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar guruldy.
Bularyň ählisi hem halk üçin Garaşsyzlygyň eçilen miweleridir, hormatly Prezidentimiziň sahawatydyr.
Indi Türkmenistan dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, hemişelik bitarap daşary syýasatyny ýöredýän, häzirki zaman demokratik we dünýewi döwlet hökmünde doly ykrar edildi. Gahryman arkadagymyzyň adalatly, ynsanperwer we parahatçylyksöýüji döwlet syýasatynyň barha dabaralanmagy, döwletimiziň daşary syýasatynyň strategiýasyny düzýän aýdyň meýiller, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary saklamak ýörelgeleri parahatçylyga we deňhukuklylyga, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine has-da giň, netijeli ýollary açýar.
Şeýle döwletli-döwrana merdana halkymyz Garaşsyzlygyň gazanylmagynyň netijesinde eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara bilen toýlaýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 30 ýylyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşler gazanyp, belent sepgitlere ýetdi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda bilimde, ylymda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan uly üstünlikleriň şatlygy toý-baýramlar bilen utgaşýar. Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşydyr, onuň gadyr-gymmaty bimöçberdir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler we öňde goýlan belent sepgitler dogrusynda näçe gürrüň etseň hem bärden gaýdýar. Şol ösüş-özgerişlikleriň hemmesiniň diňe halkymyzyň ýokary derejede ýaşamagy baradaky belent maksatdan ugur alýar.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaş nesle berilýän bilimiň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi döwletiň syýasy, ykdysady ugurlarynda we medeni gatnaşyklarynda uly ýeňişlere ýol açýar. Welaýatlarymyzyň ählisinde medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň açylyş dabaralary geçirilýär. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan her bir günümizi üstünlige besleýär. Beýik Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmekde bitirilen işler asyrlara barabardyr. Ýerine ýetirilen ol işleriň ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmakda möhüm ädim bolup durýandygyny nygtamak bilen halkymyzyň ata Watanyň, ene topragyň gülläp ösmeginde öz goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýarys.
Türkmenistanda bilimiň we sanly ykdysadyýetiň innowasion ösüşine, ilkinji nobatda, sanly gurşawyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna. türkmen jemgyýetiniň ösüşindäki ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär, Şu ýerde gürrüň ýaşlaryň gündelik bedenterbiýe we sport maşklary bilen meşgullanmaklaryna, durmuşy başarnyklarynyň kemala gelmegine, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, geljekde önümçiligi ylmy-innowasion esasda dolandyrmaga ukyplylygyna ýardam berýän döwlet işleri barada barýar. Başgaça aýdylan-da, beden taýdan berk, ruhy we aň-bilim babatda ösen ýaş nesli terbiýelemegiň täze ugurlaryny döretmegiň zerurlygy öňe çykarylýar. Bularyň ählisi bilimli, terbiýeli, sazlaşykly ösen täze nesli kemala getirmekde, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň çuňňur bilim we terbiýe alyp, döwletimize we halkymyza wepaly hyzmat etmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Çagalar baglaryndan başlap, mekdeplerimiziň ähli basgançaklary türkmen jemgyýetiniň medeni taýdan döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän möhüm döwlet edarasy derejesine eýedir. Şol mekdepleriň mugallymlary işini täze bilim ölçeglerine laýyklykda alyp barýarlar. Olar ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýärler.
Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.
Türkmenistan garaşsyzlygyna daýanyp, dünýäniň sport kartasynda öz mynasyp ornuny tapdy. Biziň türgenlerimiz bolsa bu günki gün dünýäniň abraýly arenalarynda çykyş edip, öz Watanynyň sport abraýyny artdyrmaklary üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Olaryň baýrak gaznasyndaky dürli derejeli, şol sanda altyn medallaryň sany barha artýar.
Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini alamatlandyrýan köp sanly şanly wakalara besleýäris. Syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ylymda we medeniýetde gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere, adamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hasaplaýan Konstitusiýamyza guwanç duýgulary bilen garşy alýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baş baýramynyň şanyna eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle hem bütin ýurt möçberinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly ajaýyp desgalar ulanmaga berilýär. Mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterýän baý öwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Bu dabaralar ykdysadyýetde we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Diýarymyzyň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini has-da belende göterýär, biziň her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz türkmen döwletiniň döredilmegi halkymyz hem-de dünýä bileleşigi üçin örän möhüm taryhy waka boldy. Çärýek asyr mundan ozal ýurdumyz özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşdi. Eziz Watanymyzyň taryhynda, mähriban halkymyzyň durmuşynda täze eýýam başlandy.
Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. Gahrymançylykly we şöhratly taryhyny, milli mirasyny, ynsanperwer ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny dikeltdi. Taryhy ölçeg boýunça uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpli kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Demokratik ýörelgeler ösdürildi, içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy.
Garaşsyzlyk parahatçylygy goldaýjy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde hem berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da berkitdi.
Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar.Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy.. Garaşsyzlyk ýyllarynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy” diýip, uly buýsanç bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginde saklanylmagy milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörijilikli ykdysady syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistan döwletimizde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz işini Milli Liderimiziň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, ösüşiň ähli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitleri, wagyz-nesihat etmek bilen, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek hem-de düşündirmek boýunça guramaçylyk, medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli alyp barýar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşant goşýarlar.
Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki milli Liderimiziň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn! Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Ilýasowa Bibihamyda,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň
“Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň
2-nji ýyl talyby.