Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyzlyk dilimizi dabaralandyrýar
    Garaşsyzlyk dilimizi dabaralandyrýar surady
    30/11/-0001

    918

    Garaşsyzlyk dilimizi dabaralandyrýar

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Bilşimiz ýaly, türkmen dili türki dilleriň oguz diller toparyna degişlidir. Eger bu barada ylmy çeşmelere salgylansak, has açyklap düşündirip bileris. Altaý diller maşgalasy özarasynda gündogar hun we gunbatar hun diýen toparlara bölünýärler. Türki dilleriň günbatar hun şahasyna bulgar, oguz, gagauz dil toparlary girýär. Oguz dil topary hem öz gezeginde gagauz, azerbaýjan, türk, türkmen diýen toparlary öz içine alýar. Türki diliniň has gadymy köklerini yzarlasak, ol genetiki taýdan altaý we ural-altaý dil toparlary bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, bäşmüňýyllyk taryhy bolan dilimiz öz köküni gaty gadymdan alyp gaýdýar. Bu günki günde bolsa dilimiz dünýä ýüzünde dabaralanýar.
    Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň galamyndan çykan kitaplaryň birnäçe dillerde terjime edilip, dünýäniň ýüzüne ýaýradylmagy buýsandyryjy wakalaryň biridir. Onlarça edebi çeper, ylmy ensiklopedik, syýasy kitaplary ýazmak, olary dünýä nusgalyk görnüşinde çeper beýan etmek elbetde, ýiti zehini we tutanýerli yhlasy talap edýär. Türkmeniň dilini, milliligini dünýä ýüzüne ýaýmakda ýurt baştutanymyzyň bu gymmatly kitaplary ilkinji nobatda agzalmalydyr.
    Şeýle-de, häzirkizaman türkmen dili barada gürrüň edilse, ilkinji nobatda söz ussady Magtymguly Pyragy hakydaňa dolýar. Ýene bir bellenilmeli zat, ýaňy-ýakyndan Türkiýe döwletinde “Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar” atly kitap türk dilinde çapdan çykaryldy. Kitapda Magtymguly Pyragynyň metaforalaryna, deňeşdirmelerine düşündiriş berilýän bölüm hem bar. Bu bolsa türkmen diliniň şireli agramly dildigine ýene bir gezek güwä geçýär. Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dilleriniň emçemesinde, rus, hytaý, pars, arap, özbek... dillerinde birnäçe gezek terjime edildi. Onuň eserleriniň kuwwaty, ylahy güýji söz ussatlarynyň ençemesiniň gymmatly teswirine, öwgüli sözlerine köp gezek mynasyp boldy. Türkmeniň diliniň şeýle söz ussatlary tarapyndan dünýäniň ýüzünde şöhlelenmegi bizi buýsandyrýar. Başga-da birnäçe awtorlaryň eserleri dünýä döwletleriniň dillerinde terjime edilendir. Meselem, B.Kerbabaýewiň, G.Kulyýewiň, K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň, A.Taganyň... we beýlekileriň kitaplary dürli dillerde terjime edildi. Muny aýtmagymyzyň sebäbi, diliň dabaralanmagynyň ilkinji şertleriniň biri söz ussatlarynyň döreden eserleridir. Eserler diliň gymmatyny artdyrýar.
    Dil sözlerden, sözlemlerden, olaryň özara baglanyşygyndan ybaratdyr. Türkmeniň sözüniň güýjüni bolsa, hormatly Prezidentimiz dünýäniň tribunalaryna çykyp sözlände, öz çykyşlarynda görkezdi. Muňa mysal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynynyň 2018-nji ýylda bolup geçen 82-nji mejlisinde bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen bellenilen Rezolýusiýany görkezmek bolýar. Ekologiýa bilen baglanyşykly geçirilýän birnäçe çäreler hem muňa degişlidir. Ýene bir mysal, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen häzirki wagtda her ýyla şygar dakyp, şol şygaryň astynda birnäçe çäreler amala alşyrylýar. Üstümizdäki 2021-nji ýyla “2021-nji ýyl –Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen adyň dakylmagyny öňe süren mähriban Arkadagymyzyň bu sözi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldaw tapýar. Ine, türkmeniň sözüne, “söz” diýen mukaddesligiň nämedigine, onuň güýjüne, ähmiýetine özbaşdaklygyň, garaşsyzlygyň beren iň uly miweleriniň biri diýilmeginiň sebäbi şundan gelip çykýar. Döwlet garaşsyz bolmasa, onuň sözi, dili uly tribunalarda orun alyp bilmeýär.
    Türkmen diliniň häzirki wagtda daşary döwletleriň uly okuw jaýlarynda okadylmagy bizi hasam buýsandyrýar. Meselem: 2000-nji ýyldan başlap Russiýa Federasiýasynda Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklar institutynda (MGIMO) türkmen dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär, Türkiýe döwletiniň hem käbir ýokary okuw mekdeplerinde türkmen dili okadylýar, şeýle-de 2020-nji ýyldan başlap Ýaponiýa döwletiniň ýokary okuw mekdebinde hem türkmen dili sapaklary girizildi. Dilimiziň daşary döwletlerde okadylmagy hem örän buýsandyryjy wakalaryň biridir. Daşary ýurt aýdymçylarynyň ýurdumyza myhmançylyga gelende, sözleriniň arasynda türkmen dilinde gutlaglary aýtmagy, türkmen dilinde aýdym aýtmagy dilimizi ýene bir gezek şöhratlandyrýar.
    Garaşsyz döwletimiziň günsaýyn ösmegi, dilimiziň dabaralanmagy, baýdagymyzyň al-asmanda dünýä olimpiadalarynda pasyrdamagy, döwlet senasynyň belent ýaňlanmagy, parahatçylygyň simwoly bolan ak kepderilerimiziň ganatyny ýaýmagy, bir söz bilen jemläp aýdanymyzda bularyň barysy bagtyýarlygyň alamatydyr. Parahatçylyk bar ýerinde, özbaşdaklyk bar ýerinde hemişe bagt bardyr. Garaşsyzlyk bize köp zady berdi, öňi bilen türkmeniň ruhy taýdan dikeldi. Ruhy hazynalaryň biri bolsa türkmen milli döwlet dilimizdir. Halkymyzy ýagty ertirlere alyp barýan hormatly Prezidentimize köp sag bolsunlary aýdýarys.

    Aýjahan ANNABAÝEWA, 
    Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
    žurnalistika hünäriniň talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI