Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — goşa ýaz
    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — goşa ýaz surady
    30/11/-0001

    1429

    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — goşa ýaz

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä giňişliginde ynsanperwer syýasaty dabaralandyryp, dostlugyň, ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurduna öwrülýär. Watanymyz ykdysadyýetde, syýasatda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ýaly dürli ugurlarda ösüşiň barha täze belentliklerine galýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyryl-magyna, ýaşnesliň bilim terbiýesine, ylym arkaly hünär öwrenmegine ähli mümkinçilikleriň döredilmegine we ruhubelent nesliň kemala gelmegine degişli öňde duran wezipeler üns merkezinde saklanylýar.
    Ýurdumyzda nesil terbiýesiniň barha kämilleşdirilmegine aýratyn üns-alada bilen goralýar we häzirki döwür halkymyzyň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky milli däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigi bilen tapawutlanýar.
    Ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçmek babatdaky tejribeleriň öwrenilmegi dowam etdirilýär. Munuň bilen baglylykda, hem bar bolan elektron maglumat alyş-çalşyk ulgamlaryny sanly bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen maksatlara laýyklykda döwrebaplaşdyrmak işleri giň gerime eýedir. Serwer esasynda kompýuter torunyň elýeterlik mümkinçilikleriniň giňeldilýändigi we umumy bilim gurşawyna goşulmak üçin taýýarlyk çäreleriň geçirilýändigi, bilim bermekde ulanylýan okuw kitaplaryň, gollanmalaryň, umumy ders ýazgylarynyň we beýleki okuw elektron maglumatlarynyň taýýarlanylýandygy, olaryň bilim portalyna ornaşdyrylýandygy we ş.m. bu serişdelerden peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat edyär. Ýurdumyzyň döwrebaplaşýan we senagatlaşýan döwründe türkmen halkynyň döredijilik we gurujylyk güyjiniň yokarlanýandygy, Watanmyzyň mundan beýläk hem ykdysady we durmuş taýdan ösmegini üpjin etmäge bolan hyjuwynyň egsilmezligi hormatly Prezidentimiziň ýolbaş-çylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisinde has aýdyň ýüze çykdy. Maslahatda Watanymyzyň ýakyn we uzak geljekdäki öňe gidişlikleriniň ygtybarly yollary kesgitlenildi. Ýurdumyzda höküm sürýän agzybirlik, jebislik, ösüşli maksatlar barýan ýolumyzda türkmen halkyna täze üstünlikleri, rowaçlyklaryň garaşýandygyny tassyklaýar.
    Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» Diyen yörelgesinde jemgiyetçilik ösüşine adam şahsiyetini çekmek, onuň döredijilikukyplaryny açmak baradaky pikir jemlenyär.
    Hormatly Prezidentimiz: «Eger biziň yurdymyzyň ynamly öňe gitmeginiň esasy syry gözlense, ony täze hakyky ýagdaýlaryň we halkyň asyrlarboýy dowam edip gelýän däp- dessurlarynyň galtaşýan ýerinden, hususan-da, olaryň döwletiň syýasy we ykdysady hasaplamalarynyň birleşýän ýerinde tapmak mümkindir» diýip belleýär.
    Biziň häzirki özgerýän, döwrebaplaşýan jemgyýetimiz üçin adamyň döredijilik we gurujylyk ukybyny ýokarlandyrmak esasy meseleleriň birine öwrildi. Milli Liderimiz «Türkmen halkynyň dünýäde dörediji we gurujy, oýlap tapyjy halk höküminde giňden tanalmagyny gazanýarys» diýip, bu meseläniň aýratyn ähmiýetini we ony çözmegiň esasy wezipä öwrülendigini belleýär. Onuň wajyplygy täzeleniş döwri bilen bagly bolýar.

    Türkmen tugun Arş deňine göteren,
    Bagtyýarlyk zamanasyn getiren,
    Dile gelen goşgy, gazal-setirim,
    Size alkyş-senambolsun, Arkadag!

    1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän 193 döwletiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldap, ony resmi taýdan ykrar edendigi taryhy hakykatdyr.
    Türkmenistanyň beyleki yurtlar bilen gatnaşygynyň esasy ugruny sazlaşykly ösyän, ikitaraplaýyn bähbitli, birek-birege hormat goymak ruhundaky ynsanperwer gatnaşyklar düzyär. Şeylelikde,yurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukugy sebitde we dünyäde durnukly, halkara giňişliginde parahatçylyk söyüjilikli, milletleriň we halklaryň özara ysnyşykly gatnaşyklaryny amalaä aşyrmagynyň wajyp ugurlarynyň birine öwürlyär.
    Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmak bilen , halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýär.Umumylaşdyrylyp alnanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň mazmuny aşakdakylardan ybaratdyr: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň halkara ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukugy Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilendir.
    Bitaraplyk her bir ynsanda öz ýurdunyň halkara derejesindäki orbuny duýmaga, oňa buýsanmaga mümkinçilik berýän we watançylyk duýgysyny joşdurýan mukaddes düşünjedir.
    «Bitaraplyk» sözi özüniň syýasy manysynda örän uly mazmuna eýe bolup, ol şu günki nesliň merdana pederlerimizdenbize miras galan mukaddes topragymyzyň şanly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine söýgi- hormat bilen garamaga, türkmeniň asyrlaryň dowamynda arzuw eden döwletiniň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki belent mertebesine buýsanmaga hukugydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Bitaraplyk sözüniň esasynda biziň parahatçylyk söýüji halkymyzyň diplomatiýasy, hukuk medeniýeti we binýatlyk ähmiýeti bolan ynsanperwerlik ýörelgeleri durýar» diýip «Bitaraplyk» sözüniň syýasy manysyna anyk kesgitleme berdi.
    Hemişelik Bitaraplyk hukugy pederlerimizden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriňdurmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen mukaddes arzuwlarynyň amala aşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

    Milli Garaşsyzlyk manysy ömrüň,
    Baky Bitaraplyk ýylysy kalbyň,
    Parahat şygarydyr bu döwrüň,
    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – goşa ýaz.

    Gültäç AGAMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI