04/10/2024
373
Garaşsyzlyk – baky bagtyň mukamy
Her ýylyň 27-nji sentýabrynda ähli watandaşlarymyzyň adatdakydan üýtgeşik ýylgyryşyny, şatlyk duýgularyny, ýürek joşgunyny görmek bolýar. Sebäbi bu gün ähli halkymyz üçin iň bir şatlykly gün – Garaşsyzlyk baýramy. Bu gün dünýä kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň emele gelen güni. Bu baýram ähli baýramlaryň naýbaşysy, toýlaryň seresi. Bu gün halkymyzyň bagtyýar, erkana durmuşynyň özeninde duran Berkarar döwletimiziň sarsmaz sütüni bolan Garaşsyzlygymyzyň baýram edilýän güni. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu şanly baýramyň many-mazmunyna, Garaşsyzlygyň halkymyza peşgeş beren bagtyna has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Beýik filosof Magtymguly Pyragynyň ýaşan zamanasy, ýagny XVIII-XIX asyrlar türkmen halky üçin has hem agyr döwür bolupdyr. Şol sebäpli hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-parasada ýugrulan şygyrlarynda türkmen halkyny agzybirlige, jebislige çagyrypdyr. Şahyr il-halkynyň erkin, asuda hem parahat durmuşda ýaşamagyny isläpdir. Ol ähli türkmen tire-taýpalarynyň agzybirlikde bir türkmen döwletine gulluk etmegini, Garaşsyz, berkarar türkmen döwletiniň döredilmegini ýürekden arzuw edipdir. Hakdan içen şahyryň «Hor bolmasyn puştba-puştum, Berkarar döwlet istärin», «Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup, Kylsa bir jaýa ýöriş açylar gül lälesi», «Agyr döwletler aýrylar, Bir agza bakmaýan ärden» diýen setirlerini okanyňda Garaşsyz, baky Bitarap döwletde bagtyýar durmuşyň hözirini görip ýaşamaklygyň gadyr-gymmatyna has-da gowy düşünýärsiň.
Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan 33 ýylynyň dowamynda türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň bähbidine ýerine ýetirilen işleri sanasaň sogaby kän.
Ýurdumyzyň ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda we beýleki ulgamlarda görnetin ösüşler gazanyldy. Sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülen paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi düýpgöter özgerdi. Köpetdagyň eteginde sebitde deňi-taýy bolmadyk, ekologik taýdan arassa, «akylly» Arkadag şäheri bina boldy. Halkara giňişliginde Bitarap Watanymyz Türkmenistan parahatsöýüjiligi goldaýan, sebitde durnuklylygy üpjün etmekde işjeň hereket edýän döwlet hökmünde uly abraý gazandy. 33 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 20-den gowrak umumadamzat bähbitli rezolýusiýalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, onda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli birnäçe çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde, sungatda tapawutlanan raýatlaryna birnäçe hormatly atlaryň dakylmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanmagy halkymyzyň toý şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Garaşsyzlyk – pederlerimiziň köp asyrlyk arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyzlyk – erkinligiň hem erkliligiň dessany. Garaşsyzlyk – özbaşdaklygyň, özygtyýarlylygyň ykrary. Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň beýik ygrary. Garaşsyzlyk – akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň arzyly arzuwlarynyň beýany. Garaşsyzlyk – bagtyň, bagtyýarlygyň, berkararlygyň mukamy. Goý, şol mukam asyrlarboýy türkmen topragynda ýaňlansyn! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy gutly bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň II ýyl talyby.
Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" - elektron gazeti 30.09.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-23-107_1441