Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy
    Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy surady
    30/11/-0001

    735

    Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Ata Watanymyz «Türkmenistan — ynanyşmagyň we parahatçylygyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyl baýramyny toýlaýar. 30 ýyl taryh üçin uly möhlet däl, emma şu sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Munuň özi her bir türkmenistanlyny guwandyrýar, buýsandyrýar.
    Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz – türkmen halkynyň goşa buýsanjy. Halkymyz asuda hem abadan durmuşy asyrlarboýy arzuw edip gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan üstünlikli işleri netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge işjeň goşant goşýan döwlete öwrüldi.
    1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyz döwlet diýlip jar edilmegi bilen, ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerine esaslanyp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň sarsmaz binýadyny berkden tutdy. Türkmenistan dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde öňegidişligiň ak ýoluny saýlap aldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda şeýle-de, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edildi.
    Garaşsyzlygymyzy alyp, ata-babalarymyzyň baý medeni mirasyna eýe bolduk. Garaşsyz türkmen döwletiniň raýatlary şol medeni mirasy gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy. Milli medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak babatynda hem birnäçe işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň döreden maddy hem ruhy gymmatlyklarynyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzda medeniýet hepdeliklerini, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet günleri, Diýarymyzda hem daşary ýurtlaryň Medeniýet günlerini geçirmek ýola goýuldy. Bu bolsa medeni syýasatyň dost-doganlyk, ynsanperwer gatnaşyklary esasynda ösdürilmegine ýardam berýär.
    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary we alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty giňden goldanylýar». Milli Liderimiz halkymyzyň parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini ösdürýär. Olar diňe bir ruhy-medeni däl, eýsem taryhy gymmatlyklarda hem aýdyň ýüze çykýar.
    Halkymyz hakynda edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş almak bilen, bu syýasat ilatyň asuda, bolelin ýaşaýşyna gönükdirilendir. «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek bilen ýurdumyz halkara maslahatlaryň we möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul – Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, birinji Hazar ykdysady forumynyň we beýleki iri halkara çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
    Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere biziň talyp deň-duşlarymyz hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar bilimlerini has-da artdyryp, halkara ylym-bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar.
    Garaşsyzlygymyzyň dabaraly toýunyň toýlanýan ýylynda hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanmaga berildi. Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binasy şowhunly dabara bilen açylyp ulanylmaga berildi. Bularyň hemmesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrdy.
    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiz uly abraýa we hormata eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary barha rowaçlanýar.
    Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

    Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI