Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyz Watanyma-talyp buýsanjy
    Garaşsyz Watanyma-talyp buýsanjy surady
    30/11/-0001

    890

    Garaşsyz Watanyma-talyp buýsanjy

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, pursatlar şatlyk-şagalaňa, aý-günler bolsa toý-baýrama utgaşýar, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuw eden erkinligi wysal boldy. Güneşli diýarymyz öz Garaşsyzlygyny ykrar edip,ata Watanymyz uly ösüşler hem-de özgerişler ýoluna düşdi. Milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde döwletimiziň syýasatynda,ykdysadyýetinde asyrlara barabar öňegidişlikler gazanyldy. Oba hojalygynda, nebit-gaz, dokma pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda,senagatda üstünlikli sepgitlere ýetmek bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygy ýylsaýyn artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda iň çalt depginlerde ösýän hem-de ilatyň ýaşaýyş-dur-muş şertleriniň has oňaýlylygybilen tapawutlanýan döwletdir. Bilim almagyň kämillik dünýäsinde öz ornuňy tapmakdygyna kemsiz düşünen ata-babalarymyz ''Bilimli il ozar'' diýen atalar sözüni ýöne ýere döretmändirler. Dünýäň syrlaryny açmaga, bilimlere teşnelik türkmeniň asyl häsiýetinde bar. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji gol çeken Permany ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri girizmek hakynda bolmagam il-günüň gyzgyn goldawyny tapdy. Bilim ulgamynyň agramly bölegi bolan ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň okuw terbiýeçilik işine uly özgerişlikleriň girizilmegi halk hojalygyna zerur bolan hünärmenleri kämil derejede taýýarlamak meselesine ulu ähmiýet berilýändiginden habar berýär. Hünär bilimindäki iri möçberli özgerişlikler ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işinde dünýä tejribesini giňden ulanmagy, berilýän bilimiň hümmetini durmuşyň talaplaryna laýyklykda kesgitlemegi we başga-da birnäçe ugurlary öz içine alýar. Ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda internet merkezleriniň ,ylmy-barlag edaralarynyň,amaly-synag bölümleriň,aspiranturalaryň hem doktoranturalaryň açylmagy talyp ýaşlara ylym dünýäsine giň ýol açýar. Türkmen ýaşlaryna çyn Howandar çykan hormatly Prezidentimiziň aýdan her bir sözüni,öňe süren täze özgerişlikler syýasatyny biz ýaşlar özümiziň ykbal ýolumyz diýip kabul edýäris, sebäbi bu ýagty ýollar Türkmenistana-da,türkmen halkyna-da biz ýaşlara-da bütin dünýäni edil kitap açan ýaly açýar. Ony okamak nesibesem biz ýaşlar üçin elýetmez mertebedir.
    Ýüzümiziň tuwagy,başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir,bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr.Bu gün Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýan erkana ýurdumyz toý lybasyny geýnip, hasam gözelleşdi. Halkymyzyň ykbalyny galkyndyran, Watanymyzyň şöhradyna şan goşan bu dabaraly sene diýarymyzyň her künjeginde uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Men hem hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy şu mukaddes baýram bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Hak Allanyň nazary düşen türkmen topragynda toýlaryň toýa ulaşmagyny, abadan ilimiziň asmanynyň asuda bolmagyny, ýurdumyzda agzybirligiň höküm sürmegini arzuw edýärin. Ata-babalarymyzyň arzylan Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen watansöýüjiligini, halal lebzi hem päk ahlagy dowam etmekde biziň üçin döreden ajaýyp şertleriňiz üçin Taňry ýalkasyn, mähriban Prezidentimiz! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Siziň her sözüňizi bagt kelamy hökmünde kabul edýän türkmen ýaşlary öňe sürülýän döwletli özgerişlikleriň baky rowaçlanmagy üçin janyny aýaman okajakdyklaryna, işlejekdiklerine, döretjekdiklerine ynandyrmaga rugsat ediň!

    Ogulmaral ALLAÝEWA,
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
    Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň
    “Amaly informatika-1” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI