30/11/-0001
420
Garaşsyz özygtyýarly döwlet
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolup, halkymyz Garaşsyz, özygtyýarly döwletli boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan eziz Diýarymyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda zähmetsöýer, agzybir halkymyz Türkmenistanyň asudalygyny baýramy bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny garşylamaga taýýarlyk görýär.
Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Ol häzirki zaman dünýä syýasatyny parahatçylyga, halklaryň dost-doganlykly, ynsanperwer gatnaşygyna alyp barýan ýeke-täk ýol bolup durýandygy bilen tapawutlanýar. Ol özüniň giňişliginde dost-doganlykly, ylalaşdyryjylyk, parahatsöýüjilik mazmuny bilen biziň kalbymyzy şatlyga, buýsanja öwürýän baýramydyr. Bu şanly sene Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň mynasyp ykrarnamasy bolup ör-boýuna galýar. Dünýä-de ykrar edilýän milli Liderimiziň dünýä ähmiýetli başlangyçlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap derejämiziň bize beren mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrýandygyna düşünmäge, gymmatynyň gün-günden ýokarlanýandygyna buýsanmaga hem-de ösüşlere ugur almaga ajaýyp mümkinçilik berýär.
Erkinlikde aýgytly gadamlar bilen tanalan ýurdumyz dünýä syýasatyna goşulyşmagyň barşynda aýratyn hukuk esaslarynyň bolmalydygyna aýny wagtynda düşündi. Ol 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Indi bu sene ýurdumyzda baş baýramlaryň biri hökmünde her ýylda dabaraly bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda, sebitde we dünýäde alyp barýan parahatçylygy we abadançylygy dörediji beýik işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolup, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki işjeňligi we diplomatik wekilçiligi ýylsaýyn giňeýär. Häzirki wagtda döwletimiz 149 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna gatnaşýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany ilçihanasy, konsullyklary we hemişelik wekilhanalary hereket edýär. Ýurdumyzda hemişelik esasda 35 sany ilçihana, konsullyklar we 15 sany halkara guramalaryň wekilhanasy işleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Mähriban Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberlerinden öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde wideoýazgy arkaly eden çykyşynda hem döwrüň ählumumy meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň täze başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara işjeňliginiň has-da ýokarlanmagynda aýratyn täsir etdi.
Döwletimiz Garaşsyzlygymyzy alanymyz bäri ählumumy parahatçylygy we abadançylygy gazanmaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa Türkmenistana Merkezi Aziýa we Hazar sebiti, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär. Her bir işde özara bähbitlilik ýörelgelerine eýermek, hiç bir harby birleşmelere, dawaly ýagdaýlara goşulyşmazlyk ýörelgesine pugta eýerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň tarapdary bolmagynda galýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna otuz ýyl dolýar. Çärýek asyrlyk döwürde Türkmenistan agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini dabaralandyryp, dünýäniň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, halklaryň deňhukukly hyzmatdaşlygyny ösdürmek has-da ýaýbaňlandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa halkara derejelerinde geçirilýän syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine gönükdirmek boýunça tutumly işleri durmuşa geçirmekde esasdyr. Şeýle-de biziň ýurdumyzda adam saglygy, ösüşi we ýaşaýşy baradaky umumadamzat gymmatlyklarynyň bähbitlerine gönükdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şonuň üçin eziz ýurdumyz agzybirligiň, bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ojagyna öwrüldi. Bu günki gün ol okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykdy.
Bu ösüşleriň, öňegidişlikleriň gözbaşynda duran Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy babatda alyp barýan işlerine halkymyzyň alkyşy çäksizdir. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Bakydurdy GARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI