Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlaryň watançylyk ýörelgesi
    Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlaryň watançylyk ýörelgesi surady
    28/09/2023

    1785

    Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlaryň watançylyk ýörelgesi

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýasy, ykdysady, durmuş, ekologiýa, hukuk, medeniýet, ylym-bilim, sport hem-de ýaşaýyş durmuşynyň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan köp jähtli özgertmeleriň üstünligi olaryň türkmen halkynyň milli, ruhy we maddy gymmatlyklaryny dikeltmek bilen häzirki zaman innowasion tehnnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň sazlaşygy esasynda berk durmuşa gönükdirilendigi bilen kesgitlenilýär.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag bilen halkyň bitewüliginiň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekden üstünlikleriň wajyp, mizemez esas bolup durýandygyny durmuş, syýasy tejribe tassyklaýar. Bu barada milletiň Lideri ägirt uly guwanç we aýratyn buýsanç bilen şeýle diýip belleýär: «Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde merdana türkmen halky dünýäde özüni parahatçylyk söýüji, dostlukly gurmagy we döretmegi başarýan milletdigini aýdyň görkezdi. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk döwrüniň üstünliklerine hem-de taryhy ýeňişlerine buýsanýar».
    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Bilimler we talyp ýaşlar güni» hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar. Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz — mugallymlary, terbiýeçileri, şonuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary täze üstünliklere, eziz Watanymyzyň depginli we has-da gülläp ösmegine halal, döredijilikli zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagyndaky çykyşynda biziň üçin mizemez mekdep bolup hyzmat edýän merdana pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen kämil ahlak gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň jöwher zehininden dörän paýhaslary, millilige ýugrulan wesýetleri, öwüt-ündewleri ösüp gelýän ýaş nesil bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli görnüşlerinde pedagogik işgärler tarapyndan gymmatly hazyna hökmünde peýdalanylmalydyr. Şeýle parasatly sözler ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda watansöýüjiligi kemala getirmekde mukaddes ýörelgedir.
    Türkmen halkynyň Milli Lideriniň umumy sapagyndaky çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň binýatlaýyn esasy bolup durýan millet hökmünde özüňi tanamak, milli kämillik we milli bitewülik ýörelgeleri baradaky taglymatyň many-mazmuny we ähmiýeti hakyndaky aýdan parasatly sözleri ýaşlaryň täze taryhy eýýamyň manysyna we maksadyna düşünmeklerinde uly orny bar.
    Halkyň Arkadagynyň syýasaty-bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämilligiň, sazlaşygyň, döretmegiň we döredijiligiň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň, adalatlylygyň, deňhukuklygyň, bitewüligiň, watançylygyň, edermenligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň synagdan geçen ýolunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy şertlerdäki döredijiliginiň dowamydyr. Bu ýol kuwwatly demokratik, hukuk, dünýewi gülläp ösmegine, adalatly raýat jemgyýetiniň abadançylygyna, ähliumumy bagtly ýaşaýşa, hukugyň, erkinligiň we jogapkärçiligiň ähli jeminiň özara berk baglanyşygyna akyl ýetirýän şahsyýetiň kämilleşmegine alyp barýar. Bu ýol özüniň tutanýerli zähmet bilen ruhy baýlygy, maddy bolçulygy döredýän, mähriban topragyny gül açýan baga öwürýän halkda we her bir adamda özüniň dörediji güýjüne bolan ynamy oýarýar. Bu ýol-sazlaşyga, gülläp ösüşe we bagta alyp barýan dörediji hem-de ýokary ruhubelentlik ýoly.
    Ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan, joşgundan doly bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Goý, arzuwlaryň hasyl bolýan Gahryman Arkadagly, Arkadag Serdarly Watanymyzda ýaşlaryň ykbaly gülläp, gül açsyn!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI