Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlar üçin nusgalyk mekdep Kämillik. Bitewilik. Döwletlilik
    Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlar üçin nusgalyk mekdep Kämillik. Bitewilik. Döwletlilik surady
    22/09/2023

    1467

    Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlar üçin nusgalyk mekdep Kämillik. Bitewilik. Döwletlilik

    «Güýz bu kämilligiň alamatydyr». Güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de tä¬ze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy ýaşlar üçin kämillik hakynda edilen kämil söhbet boldy. Gahryman Arkadagymyzyň beren umumy sapagy ýaşlar üçin durmuş akademiýasydyr. Magtymguly atamyzyň «Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr» diýşi ýaly, Alym Arkadagymyzyň umumy sapagyna gatnaşyp, watançylygyň, döwletliligiň kämil beýanyny diňlemek uly nesibe.
    ***
    Geçmiş — şu günüň binýady, şu gün — geljegiň sudury diýilýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň umumy sapagynyň dowamynda döwletimiziň, halkymyzyň geçmişi, şu güni, geljegi hakynda söhbet etmegi özboluşly mana eýe. Çünki halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesinde heňňamlaryň arabaglanyşygyna aýratyn orun degişli. Diýlişi ýaly, kaýdan gelip, nirä barýanyny bilýän adam ýoluny ýitirmez. Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynyň barşynda biz — ýaşlara aslymyzyň kimdigini aýdyp, geljekde hem nähili bolmalydygymyzy öwran-öwran nygtady. Milli Liderimiziň bize beren öwüt-ündewleri ömrümiziň hemrasy bolar. Ol wesýetler ýandepderçelerimize däl-de, ýüreklerimize ýazyldy. Ýürekden çykan söz ýürege barýar ahyry...
    ***
    Şol gün säher bilen ýaşlaryň şäherine tarap ýola düşenimizde ýanymda oturan ýoldaşlarymyň biri uzap ýatan Köpetdagy synlap, «Daglar uzakdanam beýik görünýär» diýeni ýadymda. Hawa, daglara beýiklik mahsus. Ýakyndan synlasaňam, daşdan nazar salsaňam olar öz beýikligini saklaýar. Megerem, uly zatlaryň daglara deňelýäni şonuň üçindir. Gahryman Arkadagymyzyň hem halkymyzyň eşreti üçin durmuşa geçirýän döwletli işlerinde daglaryň beýikligi bar. Ol işler misli daglar deýin häzirki döwür üçin hem, geljekki nesiller üçinem öz ähmiýetini, beýikligini barha artdyrar gider. «Beýgelden beýgeler eken».
    ***
    Sözüniň başyny «Salamdan» başlap, ahyryny «Sag boluň!», «Aman boluň!» diýen jümleler bilen jemleýän türkmen halky üçin parahatçylykdan, sag-salamatlylykdan gaýry baýlyk ýok. Hut şonuň üçin hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz umumy sapagynda: «Parahatçylyk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkdyr» diýip, buýsanç belläp geçdi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz bu günki gün özüniň ynsanperwer daşary syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň diňe bir türkmen halkymyz däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri Ýer ýüzünde gyzgyn goldawa eýedir. «Ykballynyň ugran işi oň görner».
    ***
    Milli Liderimiz umumy sapagynyň dowamynda geljekde ilhalar adamlar bolup ýetişmeklik üçin ynsana gerek bolan terbiýäniň on iki görnüşini aýratyn nygtap geçdi. Ol terbiýeler Watandan başlap tebigata bolan söýgä çenli garaýyşlaryň, düşünjeleriň toplumlaýyn binýadydyr. Asylam, ynsan ýaşaýşynda on ikilik bitewiligi aňladýar. On iki süňňüň abatlygy, gündiziň hem-de gijäniň hersiniň on iki sagatdan ybarat bolmagy, on iki aýyň jemlenip bir ýyly, on iki ýylyň jemlenip bir müçäni kemala getirmegi... Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän on iki terbiýesini özleşdiren ynsanyň durmuşda islendik myradyna ýetjegi aýdyň hakykat. «Yhlas bilen bir kämile gol beren, Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz».

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI