Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
        • ASTRAHAN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
        • YLYM-BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MUZEÝINDE TANYŞLYK DUŞUŞYGY
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    12/04/2026

    44

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING

    2026-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň Awtsriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, brifing geçirildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara gatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Enejan Ataýewa, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Maýýa Alimowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, hem-de şol guramanyň Arkadag şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Umyda Kakaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Rahym Saparmyradow dagy çykyş etdiler. Şeýle-de oňa ýurdumyzyň žurnalistika ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Brifingde çykyş edenler Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda energetika geçişini çaltlandyrmak, ýaşyl wodorody ornaşdyrmak we energetika ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelerini özünde jemleýän Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň ähmiýeti dogrusynda bellediler. Ylaýta-da, forumyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyryp, birnäçe eden teklipleriniň ähmiýetini nygtap, bu boýunça öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
    Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy we olar bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde Milli Liderimiz Ýakyn Gündogarda bolup duran dartgynly ýagdaýlar boýunça türkmen milletiniň bu ýagdaýlar bilen bagly garaýşyny hem-de Türkmenistanyň soňky üç onýyllygyň dowamynda harby işjeňligi peseltmäge, daşary syýasatyň guraly hökmünde güýç ulanmak usullaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen köptaraply tagallalara işjeň gatnaşyp gelýändigini nygtady. Şeýle hem serhetdeş hazarýaka döwletiniň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna garşydygyny belläp, ýaňy-ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriniň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, bu resminamada ýurdumyzyň düýpli garaýyşlary hem-de gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýandygy baradaky pikiriniň beýan edilýändigi aýratyn nygtaldy.
    Brifingde talyp ýaşlar sebitde we dünýäde energiýa durnuklylygyny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen çykyş edenlere ýüzlendiler. Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli diplomatiýamyzy bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Oguldürli GELDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi surady

    02/04/2026

    Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
    Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty surady

    27/03/2026

    Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty
    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    19/03/2026

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI