03/04/2026
67
GADYMY NUSAÝ ÝADYGÄRLIGINE GEZELENÇ GURALDY
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş we Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralarynyň gurnamagynda gadymy Nusaý taryhy ýadygärligine taryhy maglumatlary öwrenmek maksady bilen gezelenç sapagy guraldy.
Bilşimiz ýaly, Nusaý ýadygärlikler toplumy 2007-nji ýylda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu gadymy taryhy ýadygärlik dünýäniň dürli künjeginden gelýän syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Nusaý galasynyň taryhy ýadygärligine guralan bu gezelenç talyplaryň gadymy topraklar bilen has içgin tanyşmaklaryna uly itergi berdi. Ol ýerde ýaşlara Nusaý galasynyň taryhy aýratynlyklary barada has giňişleýin gürrüň berildi. Bu gezelenç örän täsirli we ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.
Ýusup ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.