Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Fransuz dili mugallymlarynyň halkara güni
    Fransuz dili mugallymlarynyň halkara güni surady
    30/11/-0001

    1849

    Fransuz dili mugallymlarynyň halkara güni

    Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň 2019-njy ýyldaky teklibi bilen dünýäde her ýylyň noýabr aýynyň 4-nji penşenbesinde “Fransuz dili mugallymlarynyň halkara güni” bellenilýär. Bu sene bilen bagly 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň fransuz dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygynyň geçiriljekdigi “TURKMENPORTAL” resmi saýtynda habar berildi. Mälim bolşy ýaly, fransuz dilinde häzirki wagtda dünýäniň bäş yklymynda 300 müňe golaý adam gürleýär.
    Fransuz dili – BMG-niň 6 resmi diliniň, şeýle-de 2 iş diliniň biridir. Fransuz dili sintetiki we analitik dil bolup, öwrenijilerde yzygiderli we tankydy pikirlenişi ösdürýär. Bu bolsa pikir alyşmalarda we gepleşiklerde iň bir wajyp başarnyklaryň biridir. Mundan başga-da, taryhda fransuz dili diplomatiýanyň dili bolan. Şol sebäpli häzirki zaman diplomatiýasynyň dili bolan iňlis dilinde, şeýle hem beýleki dillerde, diplomatiýa hünärinde fransuz dilinden geçen sözler häzire çenli ulanylýar, mysal üçin, “attaché”, “chargé d’affaires”, “agrément”, “note verbale”, “communiqué”, “aide-mémoire”, “bout de papier”.
    Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesinde, ýokary okuw mekdeplerinde fransuz dili esasy ýa-da ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenilýär. Ýurdumyzda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Fransuz dili okuw merkezi işleýär, merkezde fransuz dili, edebiýaty we medeniýeti bilen bagly dürli duşuşyklar, çäreler geçirilýär.
    Ýeri gelende aýtsak, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen Aşgabat şäheriniň fransuz dili okadylýan orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen fransuz dilinden ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak dabarasyna gatnaşypdy we onuň dowamynda Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, şeýle-de institutyň gurluşy we alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
    Sözümiň ahyrynda, ähli fransuz dili mugallymlaryny olaryň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

    Laçyn HOJAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ surady

    22/04/2026

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI surady

    11/04/2026

    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni surady

    30/03/2026

    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI