1249
Eýranda geçirilen III Tähran dialog forumy
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde “Eýran Yslam Respublikasynyň goňşuçylyk syýasaty: dostluga we ynanyşmaga ýakynlaşmak” atly III Tähran dialog forumy geçirildi. Sebit we halkara barlaglarynyň akademiki bilermenleriniň we dürli ugurlarda işleýän syýasy işgärleriň arasynda özara pikir alyşmak maksady bilen geçirilýän bu foruma Kuweýt, Iordaniýa, Müsür, Efiopiýa, Hindistan, Pakistan, Rumyniýa, Italiýa, Wengriýa, Ermenistan, Germaniýa, Serbiýa, Russiýa Federasiýasy, Finlýandiýa, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe ýaly döwletlerden, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymlary Begenç Karaýew we Merdan Berdinyýazow gatnaşdylar.
Forumda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amirabdollahiani, Yragyň öňki Premýer-ministri Adel Abdolmahdi, Nikaraguanyň Daşary işler ministri Denis Ronaldo Monkada Kolindres we beýlekiler çykyş edip, häzirki döwürde dostluk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar.
Forumyň işi şeýle hem “Günbatar Aziýa we Pars aýlagy: howpsuzlygyň täzeden gözden geçirilişi”, “Sebitleýin baglanyşyk we energetika howpsuzlygy”, “Ukrainanyň krizisi: global we sebitleýin netijeler” we “Owganystanda inkluziw hökümetiň we parahatçylygyň geljegi” atly bölümçelerde alnyp baryldy.
III Tähran dialogyna gatnaşyjylar sebit we halkara ähmiýetli möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.